4:47

Isanyň biz uçin hemaýat ybadaty

MP3

Salam ezizler, Mukaddes Kitapy okýän ekenik ,ol ýerde hezraty Isa öz şägirdleri uçin ybadat edenini görmegimiz mumkin.Geliň,şol ybadatyň birini okäp bersem:” Olar üçin Saňa ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir. Meniň ähli zadym Seniňkidir, Seniňki-de Meniňkidir, Men olar arkaly şöhratlandym. Men bu dünýäde mundan artyk galmaryn, emma olar entek dünýädedirler. Men Seniň ýanyňa dolanyp barýaryn. Eý, Mukaddes Atam, Maňa beren adamlaryňy Öz gudratly güýjüň bilen gora. Maňa-da şol güýji Sen berdiň. Şonda olar hem Biziň ýaly bir bolsunlar. Men olaryň ýanyndakam, Maňa beren gudratyň bilen olary gorap sakladym. Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun diýip, heläk edilmeli adamdan başga olaryň hiç biri ýitmedi.

Indi Men Seniň ýanyňa barýaryn. Olar Meniň şatlygymdan dolsun diýip, bulary olara heniz bu dünýädekäm aýdýaryn. Men olara Seniň sözleriňi ýetirdim, dünýä bolsa olary ýigrendi. Çünki Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler. Olary dünýäden almagyňy däl-de, şeýtandan goramagyňy dileýärin. Meniň bu dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da bu dünýäden däldirler. Seniň sözüň hakykatdyr. Hakykatyň arkaly olary mukaddes et. Seniň Meni dünýä iberişiň ýaly, Men hem olary dünýä iberdim. Olar hem Seniň hakykatyň arkaly mukaddes bolary ýaly, Men Özümi Saňa bagyş etdim. (Ýohanna hoş 17 bap)

Hezraty Isa şol ybadatynda Hudaýdan biz uçin kop zat sörän.Ýone şol wagtda Ol edil siz we men uçin ybadat etdi.Näme uçin hezratymyz bizi hemaýat etmegi sorap ybadat etdi?Näme uçin Rebbimiz edil biziň hemaýatymyz uçin aýratin ybadat wagtyny saýlady.Şol gijesi,hezraty Isa Hudaýdan başga zatlary sorammagy mumkidi.Özüniziň ybadatlarynyzy ýatlaň.Her birimizde biz söýan ybadat mowzuklary bar.Meselen Hudaýa bolan hyzmatymyz,ruhyý baý bolmak islegleri we şoňa meňzeş mowzuklar.

Ýone şol wagt,hezraty Isa biz uçin ybadat edýan ekeni,ol Hudaýdan bizi zalym şeýtandan saklamagy sorady.Onuň ybadatyny okýan ekenim,beýle ýalbarmany diňe güýçli soýan eziz insanlar uçin soralýanyny aňladym.Meselen,men hem,egerde bir syýahata gitsem,maşgalam we çagalarym uçin diyen ýaly şeýle ybadat edip Hudaýdan olary saklamagyny soraýan.Hezratymyzyň şägirdleri ,ýagny biz uçin eden ybadatyny öwrenýan ekenim men uçin bir zat anyk,ol hem bolsa Rebbimiz uçin koprak biziň eden işlerimiz däl,tersine,Ol için ki, boluşymyz möhüm ekenini bildim.

Hezratymyz uçin,birinji oründa elbettde biziň daşky görünişimiz däl,tersine bizler bilen bolan Onuň aragatnaşygy möhümrakdir.Şeýle eken,biz hem,hezratymyzdan görelde alyp,aramyzdäky aragatnaşyklary birinji orüna goýup,Hudaýymyzdan bir birimiz uçin saklamagy sorap ybadat etsek maksata laýyk bolardy diyip oýlaýan.Ezizler.egerde sizde ybadat mätäçligi bolsa biziň saýtymyza habar ýollaň.Biz siz uçin ybadat edýas.Atlarynyz efire koýberilmeýar.Rebbimiz merhemeti barynyza ýar bolsun ezizler.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top