Salam ezizler.Ybadat mowzugyna bagyşlanan programmamyza hoş geldiniz.Baýtaniýa obasy Zeýtun dagynyň gündogar tarapynda Ierusalimden uç kilometr daşrakda ýerleşen. Isa bu oba gelip Marta,Merýam we olaryň agasy Lazarnykynda myhman bolandy.Olar Isanyň dostlary bolanlary uçin ony mähr bilen garşy alýarlar.Mesihy myhman etmek-uly şan.Marta Isa uçin aýratyn nahar taýarlamaga başlaýar.Martanyň uýasy Merýem bolsa Isanyň aýak ujynda oturup ony diňleýar.Biräz wagt geçenson Isanyň ýanyna Marta gelip: «Agam! Uýamyň meniň ýeke özüme hyzmat etdirip oturmagy Seniň perwaýyňa-da dälmi? Oňa aýt, maňa kömekleşsin» diýdi.
Reb Isa oňy tankyt emegiň ýerine oňa maddyý zatlar bilen kop çalyşmaslyk barasynda nesihat edip: «Wah, Marta, Marta! Sen köp zatlar barada aladalanyp başagaý bolýarsyň. Diňe bir zat gereklidir. Merýem iň oňadyny saýlady we bu onuň elinden hiç alynmaz» diýip jogap berdi.(Luka 10:41,42).Bu bilen Isa her hil nahar taýaärlamaga kop wagt harçlamak gerek däl diyip aýtmakçy bolýar.Kop wagty almaýan adyý naharyň özi ýeterlidi.Martanyň niýeti ýagşy,çunki ol myhmansöýer bolmakçydy.Ýone nahar barada çendenäşa aladalanyp ol Hudaýyň Oglundan taglym almak mumkinçiligini eleden berdi.Şonuň uçin Isa Merýem dana karar kabul edenine üns edýar.Bunuň ýaly karar Merýeme kop peýda getirýar we bu biz uçin ýagşy görelde.Başga gezek Isa ýene bir möhüm sapak barasynda aýadan.Bir şägirdi Isa:” «Agam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize Hudaýa doga etmegi öwretsene» diýdi. Isa bundan bir ýarym ýyl önçe Dagdaky wagzdan soň nahilli ybadat etmek barasynda düşündirendi.Belki şu wagtda bu şägird bolmandir.Şu sebäbli Isa şu wagt aýdan esasyý pikrlerini gaýtalaýar we yhlas bilen ybadat etmek gerekdigini bir mysal kömeginde görkezýar.
«Aýdaly, siziň biriňiziň dostuňyz bar. Sen ýarygije şol dostuňyň ýanyna baryp: „Dost! Maňa üç çörek karz bersene. Uzak ýoldan ýakyn dostum geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok“ diýip ýalbarýaňyz. Şonda dostuň içerden: „Meni birahat etme! Gapy birçak gulplandy, çagalarym, hemmämiz uklap ýatyrys. Men turup, saňa hiç zat berip biljek däl“ diýip jogap berýär. Size şuny aýdaýyn, ol adam saňa çöregi dostlugyň hatyrasyna bermese-de, ony gününe goýman, erjellik bilen soraberseň, islendik soran zadyňy berer. “(Luka 11:5-8).Isa Hudaýyň bu hekaýadaky dost ýaly bolup ýlbaryýşyna jogap bermegi islemeýanyny göz onünde tutmadyk,Isa bellemekçi bolan zat,hatta kömek edesi gelmeýan dost,yhlas bilen ýalbaryýşa jogap beren bolsa,onda mähriban asmandaky Atamyz tuýs ýürekden edilen dileglerimize jogap berjegi anyk! Isa sözüni dowam edip : “Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar.Elbetde, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar.” diydi.
Ezizler,egerde siziň ybadat mätäçliginiz bolsa bize habar ýollaň.Biz siz uçin ybadat edýas.Adlarynyz efire koýberilmeýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun ezizler.Höş sag aman boluň.