Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.(1Petrus 4)
Salam ezizler. Ybadata bagyşlanan programmamyza höş geldiniz.” Doga-dilek etmage hüşgärlikde durmak”näme uçin möhüm? Ybadat barada özümize nahilli sorak bersek ýagşy bolýar? “Hüşgär bolmak esasan daňa ýakyn kyn bolýar”-diyidi oň garawul bolup işlän bir kişi.Gijesi işleýanlar bu fikre goşulsa gerek.Bugunki günde masihiýler şoňa menzeş kynçylyklara duş gelýärler,çunki Şeýtanyň hökümi astyndaky dünýä uzun gijä menzeýar.Häzir bolsa bu gije sonuna ýetip galan(Rimlilere 13:12) “Edil dan atjak diyeninde uhlap galmak biz uçin nahilli howply!Biz “akyly ýetişen bolup”,Mukaddes Kitapdaky: “Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň. “diyen çagylyga gulak salmagymyz zerur.(1Petrus 4:7) Haýsy wagtda ýaşaýanymyzy aňla,özümize şeýle soraglar bersek ýagşy bolýar:”Men ybadat etmage näçe höşhärdirin?
Ybadatyň her hilli şeklini ulnýanmy we hemişe ybadat edýanmy?Başgalar uçin ybadat etmegi adata girizenmenmi ýada diňe öz mätäçliklerim hakda ybadat edýanmy? Halas bolmagym uçin ybadat näçe möhüm ähmiýete eýe?”Ybadatyň nahilli şeklleri bar?Efeslilere ýazan hatynda resul Pawlus ybadatyn her hil şeklini ýatlatyp geçen(Efeslilere 6:18).Ybadat edýanda biz koplanç Hudaýdan mätäçliklerimizi kanagatlandyrmak we böwetleri ýeňip geçmek uçin ýardam soraýas.”Ybadatlary eşidýan”bolsa dileklerimizi mähr bilen diňleýar(Zebur 64:3).Emma biz ybadatyň her hilli şeklini ulanmaga hereket etmegimiz gerek.Muna Hudaýa öwgiler,şýkur etmek, we ýalbarmalar girýar.Nämuçin ybadatlarymyzda tiz-tiz Hudaýa öwgiler aýdyp durmagymyz gerek? Ybadatlarymyzda Hudaýa öwgiler aýtmak uçin kop sebäbler bar.Meselen,Onuň “gudratly işleri” we “deňsiz beýikligi” hakda oýlasak,öwgiler aýtgymyz gelýar(Zebur 150:1)
Zeburyň 150 bapy Hudaýy 13 gezek magtamaga çagyrýar! Başga bir bap bolsa Hudaýa göra çuňňur hormat duýgusy bilen şeýle diyip aýdan:” Seniň adalatly hökümleriň üçin,
günde ýedi gezek Seni şöhratlandyrýaryn.”(Zebur 118:164).Hakykatdan hem,Hudaý şöhratlandyrmaga,öwgilere laýykdir!.Şeýle eken ,biz hem ybadatlarymyzda” günine eddi gezek”,ýagny tiz-tiz Oňa öwgiler aýdyp,şöhratlandyrmagymyz gerek dälmi? Şükur etmek –ybadatyn ýene bir möhüm şeklidir.Pawlus Filiphe şäherinde ýaşaýan masihiýleri şeýle diyip çagyran:” Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň”(Filipiýlilere 4:6)
Ahyrky günlerde “şükuri ýok” adamlar arasynda ýaşaýan ekenik,Oňa tuýs ýürekden şükur aýtmak biz uçin hemaýat bolýar.(2-çi Timoteusa 3:1,2). Howwa bu dünýäde şukursizlik ruhy hökümdarlyk edýar. Eger seresap bolmasak,bu ruh bizede ýokmagy mumkin.Doga-dilekde Hudaýa minnetdarlyk bildirmek,bizi kanagatlandyrmaga çagyrýar.Netijede biz “nalaýan,durmuşdan narza ”adamlara menzep galmaýas.(Ewreýlere 16).Ezizler, Rebbimiziň merhemeti hemma ýar bolsun.Höş sag aman boluň.