3:21

Ybadat özümiz uçin

MP3

Haýatymyz dowamynda diýen ýaly her birimiz nahillidir meselelere,
kynçylyklara,aladadalara,mätajliklere duç gelýas. Şol wagtda biz ýardama
mätaj bolýas we şol ýardamy garyndaşlarymyzdan ýa-da
goňşylarymyzdan,tanyşlarymyzdan ýa-da dostlarymyzdan koprak garaşýas. Şonda
käbirleri bize duýgudaş bolmaga hereket edýarler,käbirleri umsum
durýarlar,galanlary bolsa ýardam berip bilmeýarlarr,olor buny islemýanyndan
däl,belki olaryň guýji buna etmýandygy sebäpli,näme uçin diyseniz,insan
ejiz. Elbetde olor size maslahat bermekleri mumkin,ýone sizi ynjaltyp
bilmeýar.Olor size pul bermekleri mumkin,ýone saglygyňyzy dikeltip
bilmeýar.Hiç hilli umyt galmandan soň biz Hudaýa ýalbaryp başlaýas,ybadat
edýas.Ybadat bu Hudaý bilen gepleşmekdir.Siz Ona islan wagtda ýüzlenmaginiz
mumkin.Jaň edende hiç kim almaslygy hem mumkin ýa-da liniýa meşgul
bolmagy hem mumkin,ýone Hudaý sizi hemişe eşitýar.Bu liniýa hiç haçan
meşgul bolmaýar.
Mukaddes Kitapda Hudaýyň ajaýp sözi bar:«Meni çagyr, saňa jogap bereýin,
seniň bilmeýän beýik hem pynhan zatlaryňyň syryny aýdaýyn”.Ýene şeýle
ýazylany hem bar:” Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga
we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Her hili düşünjeden ýokary
bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi
gorar. “ Nahilli ajaýyp sözler we beýik wada.

Ýone şony hem bilmegimiz gerek Hudaý nahillidir gözbagçy däl islan
islegimizi ýa-da arzumyzy amala aşyrar ýaly.Hudaý bize diňe gerekli zady
berýar.Käwagt:”Men soradym,emma jogap almadym” diýen sözleri eşidip
galýan.Hudaý Öz Sözunde şeýle diydi: “ Dileýärsiňiz, ýöne hiç zat
almaýarsyňyz, çünki höwesleriňize sarp etmek üçin erbet dileýärsiňiz.
“.Elbetde bunuň ýaly ýagdaýlarda Hudaý bize hemra bolup bilmeýar.Ýone eger
biz “Hudaýyň eradasyna göra bir näme dileg etsek,Ol bize gulak asýar.Eger
Hudaý dileglerimizi diňlaýanyny bilsek dileklerimiz berjaý bolonyny hem
bilýas.”Hudaýyň eradasyny bilmek uçin bolsa biz diňe onuň Mukaddes
Kitapyny ökan wagtymyz bilip almagymyz mumkin.Hudaý beýik we gudratly
bolany uçin Ol hemme zady edip bilýandir.We Ol biz uçin näme ýagşy näme
peýdaly name bolsa zelel getirjegini anyk bilýar.Şonuň uçin hem Onuň jogaby
“Ýok” bolmagy hem mumkin.Käwagt bolsa biz garaşyp durmagymyza dogry
gelýar,çunki Hudaý şol zady bize haçan berjagini bilýar .”Hemme zadyň öz
wagty bar”diyen dana Suleýman şä.Isa Mesih bolsa Mukaddes Kitapda şeýle
diyip aýdan: «Şeýdip men size aýdaryn: Diläň, size berler; agtaryň,
taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. Çünki dilän alar, agtaran tapar,
gapy kakana açylar».

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top