MP3

Salam eziz radio diňleýji dostlar.Programmamyza höş geldiňiz.Ezizler Hudaý bilen aragatnaşygyňyz nahilli? Men aragatnaşyk diyip Hudaý bilen hakykyý aragatnaşyklary nazarda tutýan.Egerde siz Mukaddes Kitapda aragatnaşyklar hakynda nämeler diýlenini we ybadat ediş hakda maglumada eýe bolmagy isleseniz biz bilen boluň.Bugun biz resullerden Ýakubyň hatyndan käbir aýatlary görüp çykýas.” Eý, doganlar, Reb gelýänçä, sabyr-takatly boluň! Serediň, daýhan güýzki hem ýazky ýagşa nähili sabyrly garaşýar.

Ol topragyň bol hasyl bererine garaşýar. Siz hem sabyr-takatly boluň! Mert boluň, sebäbi Rebbiň geljek güni golaýlady. Eý, doganlar, özüňize höküm edilmez ýaly, biri-biriňiziň garşyňyza şikaýat etmäň. Ine, Kazy bosagada dur! Eý, doganlar, başyna düşen ejirlerde sabyr-takatly bolup, Rebbiň adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň. Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz.

Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr. Ozaly bilen, eý, doganlarym, höküm edilmeziňiz ýaly, gökdenem, ýerdenem, mahlasy hiç zatdan ant içmäň. Jogabyňyz diňe «hawa» ýa-da, «ýok» bolsun. Araňyzda biri ejir çekýärmi? Goý, ol Hudaýa doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Hudaýa alkyş nagmalaryny aýtsyn. Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag guýup, onuň üçin Hudaýa doga etsinler. Iman bilen edilen doga-dileg näsaga şypa berer, Reb ony aýaga galdyrar. Eger ol günä gazanan bolsa, onuň günäsi geçiler. Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň.

Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir. Ylýas hem biziň ýaly adaty bir ynsandy. Ol ýagyş ýagmasyn diýip, yhlas bilen dileg etdi. Şeýlelikde, üç ýyl alty aýlap ýer ýüzüne ýagyş ýagmady. Soňra ol ýene dileg etdi we asmandan ýagyş ýagyp, ýer hasyl berdi. Doganlarym, şuny ýatda saklaň: eger araňyzdan biri hakykat ýolundan azaşsa we başga biri ony ýene ýola salsa, günäkäri dogry ýola salan adam bir jany ölümden halas edip, köp günäleriniň üstüni örtýändir.Howwa resullerden Ýakup çyndan hem ybadat etmagi bilen,we onuň ybadatlary ullakan guýje eýe we tesirli bolan.

Ezizler geliň biz hem ellerimizi açyp Perwerdigarimize ybadat edaýliň. Eziz Atajan Sen nahilli gözel Hudaýsyň!Diňe Sen bize ebediý haýat berdiň.Hudaýym biz täze haýata gadam göýdyk.Bu çyndanam hem täze haýatdyr,çunki Isa Mesih bizi döken gany bilen täze insana öwürdi.Hudaýym görünişinden barysy ýagşy,ýone şol täze haýat oraň agyrdyr.Çunki Sen bizi şaýtan ellerinden tartyp aldyň.Hudaýym bizi sabr-tukatly bolmaga öwret!Biz hem Aýup paýgember ýaly sabr tukatlyk bilen bary kynçylyklardan geçaýliň.Ýüregimizdaki iman dünýanyň bary zatlaryndan üstin bolsun.Hudaýym bize täsirli ybadat etmagi öwret.Biz hem ybadatlarymyz arkaly adamlara şypa bermaga başarnykly bolaýlyň.Eziz Atajan biz hem ýakynlarymyz we düşmanlarymyz uçin ybadat edaýliň.Bize hem söýmagi öwret!Seniň söýgiň hakykyýdyr.Seniň mukaddes adyň ile ybadat etdik.Omin.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top