MP3

Salam eziz radio dinleýjiler. Ybadata bagyşlanan programmamyza hoş
geldiňiz. Ezizler, programmamyz başlanmasdan oň size şony mälim etjek-egerde
ybadat mätäjlikleriniz bolsa bize bu hakda hat ýollaň. Biz siz uçin efir
arkaly ybadat edýas. Ezizler bugunki ybadaty men dürmuşyň kynçylyklaryna
bagş etmekçi bolýan. Ybadat etmekden oň geliň Mukaddes Kitap bize bu hakda
näme diyenini gorup çykýas.Luka höşhabarynyň 12 bapyna seretsek,şol
aýatlary gormagimiz mumkin Isa şägirtlerine şeýle diýdi:. «Şoňa görä size
diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi
gaýgy etmäň. Jan iýmitden, beden egin-eşikden has gymmatlydyr. . Gargalara
serediň, olar ne ekýärler, ne-de orýarlar. Olaryň ne ammarlary, ne-de
urulary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan
näçe esse gymmatlysyňyz! Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat
uzaldyp bilýärsiňiz? Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda näme üçin
galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz? Liliýalaryň ösüşine syn ediň: olar ne
zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma Men size diýýärin, hatda
Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi.
Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle
geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?!
Şonuň üçin hem näme iýip-içjekdigiňizi, näme geýjekdigiňizi agtarmaň, bular
barada alada etmäň. Bu zatlaryň baryny bu dünýäniň adamlary agtarýandyr.
Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär. Siz bolsa Hudaýyň
Şalygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.”

Howwa ezizler,bu Rebbimiz Isa Mesihyň şagirdlerine garatyp aýdanlary.Bu
bolsa bize hem degişlidir,çunki biz hem Isa Mesihe iman getirip Oňa
haýatymyzy tabşyrandyrys.Ezizler geliň elimizi açyp ybadat etsek.Ezizler
isleseniz men bilen bille ybadat ediň.Egerde ybadat etmagi bilmeseniz
utanmaň,çunki Isa Mesihyň birinji şagirdleri hem ybadat etmegi
bilmanlar.Isleseniz yzymdan gaýtalan.Iň möhümy ybadatynyz iman bilen
aýdylsa eter.Iman bilen aýdylan ybadat ullakan gýüç gudrata eýedir.
Eziz Atajan,bizi halas edeniň uçin mukaddes adyňy şöhratlandyrýan.Hudaýym
Sen bizi şeýle bir söýdiň,hatta ýekkeje ogluň,hezraty Isa Mesihy biz
günäkärler uçin gurban etdiň.Hudaýym hakykyý perzentleriň häsiýetinde Seni
haýtymyzyň tagtyndan ýer almagyňy isleýas.Hudaýym näme iýip-içerin diýip
we näme geýerin diýien soraglar bizi gaýga salmasyn,tersine bütin
bedenimiz we barlygymyz dine Seniň Şalygyny agtarsyn.Butin güýjimiz we
hereketlerimiz Seniň söýgiň hakynda adamlara aýtmaga ulanylsyn. Hudaýym diňe
Sen Öz Sözüne sadyksyn,dine Sen hemme beren wadalarynyň üstinden
çykýaň.Hudaýym günimiz merhemetiň bilen başlanyp merhemetiň bilen
gutarsyn. Seniň mukaddes adyň ýenede şöhratlansyn Hudaýym.Omin.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top