4:03

Bir birimizi söýaliň

MP3

Salam eziz doganlar.Ybadata bagyşlanan programmamyza höş galdiniz.Ezizler biz doganlar arasynda bolan söýgi nahilli ajaýpdyr.Bu söýgini bize Rebbimiz öwreden.Nadip diýaňyzmy?Haçdaky ölimi arkaly.Doganlyk soýgisi hakda Mukaddes Kitapda hem oran kop aýatlar bar.Meselen Ýohannanyň 1-ji hatynda şeýle aýtlar bar.” Siz biri-birimizi söýmelidigimiz barada owal-başdan eşidensiňiz. Şeýtana degişli bolup, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmaýlyň. Kabyl ony näme üçin öldürdi?

Sebäbi öz eden işleri pislikdi, doganynyňky bolsa dogrudy. Eý, doganlarym, eger dünýä sizi ýigrenýän bolsa, geň galmaň. Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa gowşandygymyzy bilýäris, sebäbi doganlarymyzy söýýäris. Doganyny söýmeýän adam ölümiň penjesinde galýandyr. Doganyny ýigrenýän adam ganhordyr. Hiç bir ganhoryň bolsa baky ýaşaýşa gowuşmaýandygyny bilýänsiňiz.

Isa Mesih biziň üçin Öz janyny pida edende, biz hakyky söýginiň nämedigini bildik. Diýmek, biz hem doganymyz üçin janymyzy pida etmäge taýýar bolmalydyrys. Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregi awamaýan adamda, heý-de, Hudaýyň söýgüsi bolup bilermi? (Ýohanna 3:11-17).Ezizler geliň bugunki ybadaty edil şol mowzuga,anykragy bir birimize bolan söýgi mowzugyna garataýlyň.Isleseniz ybadatymyza ýoldaş boluň,çunki billelikde edilen ybadat ullakan guýje eýedir.Asmandaky Atajan,bize söýmagi öwret!Ahrym Sen Söýgi Hudaýysyň.Sen çäksiz söýgiňi hezraty Isa arkaly görkezdiň.Hudaýym doganlarymyza bolan aragatnaşyklarymyz Seniň mukaddes soýgiňe daýansyn.

Hudaýym Sen hakykyý sögiňi bize görkezdiň.Atajan ýüreklerimizi özgert. Ýigrenç eýelen ýüregimizi alyp taşla.Bunuň ýerine päk we sögiä doly ýüregi galbymyza yerleştir.Hudaýym ahrym Sen Mukaddes Hudaýyň gujagynda bolmak nahilli ajaýypdyr.Bundan artyk bagt ýokdyr.Hudaýym aňymyzy päk et Aňymyz diňe Seniň hakykatyň we söýgiň bilen bolsun.Bu dünýanyň işlerine wagtymyz we islegimiz bolmasyn.

Hudaýym dünýa bizi kowma ýada masgara edeninde haýran galmaýlyň,çunki Rebbimizi hem şonuň ýaly azaplara salyp haça çülendiler.Dünýa bizi ýygrenýar,çunki biz indi oňa degişli däldiris,tersine biz Seniň Şälygyňa degişlidirs,biz Seniň mukaddes maşgalaňa degişlidirs.Hudaýym göwnimizi däş bolmagyna ýol goýma.Asla,tersine göwnimiz we janymyz Seniň ajaýyp söýgiňe dolup däşsyn.Hudaýym,Seniň ajaýyp söýgiň barymyzy gurşap alsyn.Omin.

Ezizler men bilen bille ybadat edeniniz uçin minnetarn.Egerde sizde hem ybadat mätajlikleriniz bolsa bize habar ýollaň Biz siz uçin billelikde ybadat edýas.Atlaryňyz efire uzatylmaýar.Rebbimiziň merhemeti baryňyza ýar bolsun ezizler.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top