Salam. Söhbetimiziň mowzuguny Ýaradylyş hakynda diyip atlandyrdyk.Emma gep
diňe ýaradylyş hakynda gitmaýar. Biz Hudaý älem-jahanny nahilli ýaradany
hakynda Mukaddes Kitabdan okab bilib aldyk.Yone şol Mukaddes Kitaby kim
ýazan.Nadip biziň elimizeçe etib gelan?Hudaý älemi ýaradanyny kimdir öz
gözi bilen görenmi? Şoňa menseş soraglar oraň köp.Men hem öz-özümden şonuň
ýaly soraglary soraýadym. Ýakynda elime bir kitab düşub galdy.Onda edil
meni gyzyklandyrýan soraglara doly jogap aldym. Hakykatda eger kelläni
işletsem Mukadess Kitabdan hem şol zatlary bilib almagym mumkindi. Erem
bagynda Hudaý ilk ýaradan adam bilen oran ýakyn aragatnaşykda bolan.Olar tä
dost ýaly bagda seýil edip gürrüňleşerdiler.
Sizi gýynan soraglar muştaklarymyzy hem gýynan bolmagy mumkin..ÝARADYLYŞ.
Ýradylyş nahilli geçenini oraň gowy bilýas.Hudaý öz gudraty bilen alty gun
içinde älemni we ondaky adamzady ýaratdy.Uns beriň-adamzady ýaratdy.Ilk
Adam Ato we Mama Howany ýaratdy.Bu wagtda entek günä bolmän,we adamzad
hem uzak oran uzak ýyllar ömür goren. Mukaddes Kitaba seretseniz Adam Ata
930 ýyl ýaşanyny gorýas.Adam Ata 130 ýaşynda Şit diýen ogul görýar.Adam
Atanyň çowlugy Mohalilny hem gören şol wagtda Adam Ata 450 ýaş towereginde
bolan.Mohalil,Matuşallah ,Hanuh we başka Adam Atanyň nesli oraň uzak
ýyllar ýaşan.Siziň pikriniz boýunça Adam Ata ýaradylyş hakynda
agtyk,çowluklaryna aýdyp beren bolmagy mumkin dälmi?
Siz häklysyňyz .Adam Ata oran köp ömür goren.Ol takmynan Matyşallah bilen
Lamaknyň dünýa inişinden önünçe dünýadan göz ýuman.Lamak bolsa Nuhyň
atasydy.Nuh bu hekaýalaryň hemmesini bilen,bu hakdaky ýazylan maglumatlary
gämi özi bilem bille alyp çykkandy. Nuh bolsa bu maglumatlary ogullaryna
etiren .Ogly Ýofitdan Ysrayl halky gelip çykan eken,olar çyndan hem Hudaý
hakyndaky maglumatlary göz göreçigi ýaly gorap saklan.Gadymky adamlar siz
oýlaşyňyz ýaly sowatsyz bölmän.Olar bu hakda demir ýa-da misden ýasalan
gasynlara ýazyp gidenler.
Emma çyndan hem bu maglumatlary ýygnab halkka galdyrmak Musanyň üstune
düşdi.Mukaddes Kitabda şonuň ýaly ýazgylar bar:”Mukaddes Ýazgylaryň
ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy.Olar öwretmek,güna edýanleri paş
etmek,ýola getirmek,dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr”.Şol aýadyň özi
Musa bularyň hemmesini Hudaýyň ylhamy bilen ýazanyni mälim edýar. Musa çöla
gaçyp gidenson Hudaý haakynda oýlamaga geljekde Ysrayl halkyny Mysrden
alyp çikip gitmäga zemin taýarlamak uçin eterli wagty bardy.Ol Midýan
ülkesinde çopanlyk edýady. Takmynlara göra ol ýaradylyş we Aýup paýgember
hakynda şol wagtda ýazan.
Ýokaryda Hudaý we ilk adamzad hakynda aýdylan gep biziň soragymyza ilkinji
açarydy. Ýagny her guni Hudaý adamzad bilen bille söhbetleşen.Şonuň ýaly
söhbetleriň birinde Hudaýyň Özi adamzady we dünýany nahilli ýaradanyny özi
sözlep beren. Ynha şol soraagymyzyň esasyý jogaby.