Salam eziz radio diňleýji dostlar.Ezizler siz haçan sonky gezek Hudaýa ýüzlendiňiz?Hudaý bilen bille wagt geçirmek uçin haçan wagt aýransynyz?Biz koplanç wagtymyzy peýdasyz işlere ulanmagymyz mumkin şeýle dälmi?Dostlar,joralar,kompýuteryň onünde ýada bolmasa sagatlap teleýizor onunde günleb wagtymyzy biderek geçirip hatta töweragimizde bolýan zatlardan habarsyz bolup galýas.Ezizler geliň bugun Ýaradýyjymyza wagtymyzy dogry paýlaşdyrmak uçin we koprak wagty Hudaýa bagyş etmek uçin ybadat edýas.Ybadat etmekden oň geliň Ýakup paýgember ybadat hakynda näme diýyşini ökap çykýas.
Araňyzda biri ejir çekýärmi? Goý, ol Hudaýa doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Hudaýa alkyş nagmalaryny aýtsyn. Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag guýup, onuň üçin Hudaýa doga etsinler. Iman bilen edilen doga-dileg näsaga şypa berer, Reb ony aýaga galdyrar. Eger ol günä gazanan bolsa, onuň günäsi geçiler. Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.
Ylýas hem biziň ýaly adaty bir ynsandy. Ol ýagyş ýagmasyn diýip, yhlas bilen dileg etdi. Şeýlelikde, üç ýyl alty aýlap ýer ýüzüne ýagyş ýagmady. Soňra ol ýene dileg etdi we asmandan ýagyş ýagyp, ýer hasyl berdi. Doganlarym, şuny ýatda saklaň: eger araňyzdan biri hakykat ýolundan azaşsa we başga biri ony ýene ýola salsa, günäkäri dogry ýola salan adam bir jany ölümden halas edip, köp günäleriniň üstüni örtýändir.
Ýakup paýgember Hudaýa ybadat etmek uçin bizi çagyrýar.Biz haýatymyz öz kadaly gitmese elbettde nägilelik bildirmekde bize deň geleri bolmas.Amatsyzlygymyz sebžplerini başgalardan yzarlaýas.Ýone meseleleriň barysy ýüregimizde Hudaýyň ýokdugyndandyr.Ezizler Ýaradyýjymyz bizi ybadata çagyrýar.Ol bize ýüzlenýar,bize ýakynrak bolmagy halaýar.Ýone gýnansakda Hudaýy özümize ýakynlaşdyrmakdan gaçýas.Ezizler geliň biz hem Perwerdigarimize ybadat edip oňa ýüregimizi açýas.
Hudaýym,bizi Sen Ýaratdyň.Bizi laýdan ýasap burnymyza haýat demini üfläp goýberen Sen.Bizi bagyşla Hudaýym.Biz Sen halanyň ýaly haýatymyzy dolandyryp bilemizok.Hudaýym haýatymyzy öz söýikli ellerine tapşyrýas.Bizi öz isleşiň ýaly ryhýy terbiýele.Günimizi Sen bile başlap Sen bilen gutaraýlyň.Seniň Mukaddes Ruhyň ýüregimizden ýer tutsyn. Nirede bolmaýlyň,näme etmaýliň diňe Seniň mukaddes adyň bilen amala aşyraýlyň.Biziň maslahatçymyz bol.Haýatymyz Senikidir,şonuň uçin haýatymyzy Özüň dolandyr Hudaýym,bize Isa Mesihy bereniň uçin Saňa minnetdars.Onuň dökülen gany bizi her hilli güna belasyndan azat edip bizi Saňa ýakynlaşdyrdy.Hudaým pätyşalygyň gelsin.Seniň mukaddes adyň bilen ybadat etdik.Omin.