3:45

Ýagşy ene-ata

MP3

Salam hormatly radio diňleýji doganlar.Siz ezizler bilen ýene radio arkaly düşuşup duranymyzdan oran minnetaris.Geliň ezizler ýene biräz çaga terbiýesi hakynda oýlap görsek.Biz siz ezizler bilen edil ine şol mowzukda kop gezek söhbetleşiptik.Bunuň sebäbi sonky wagtlarda çagalar terbiýesi biräz peseleninedir.Eger her bir ene-ata öz perzentleriniň terbeiýesi uçin alada etse elbettde nahillidir özgerişlere ýetişip bolýar.

Koplanç doganlar arasynda daşary ýurdlylaryň perzentleri we oloryň terbiýesi hakda bolýan söhbetleri eşidýas.Geliň ezizler,ine şonuň ýaly söhbetlerden getirýas:”Näme uçin daşary ýurtlylaryň çagalary bir gezek aýdlan gepi öz wagtynda berjaý edýarler,biziň çagalara bolsa bir näçe gezek aýtmak gerek?”Elbettde ene-atalar arasynda şonuň ýaly şöhbetleri kopçiligimiz eşidenimize şübhe ýok.

Şahsyý ýagdaýda men şaýat bolanym daşary ýurtly doganlar öz perzentlerine birinçi nowbatda mähr we söýgi görkezýarlar.Görkezilen söýgi onünde bolsa her hilli zalymlyk hem dyz egýar diyen gep bar.Daşary ýurdly doganlar hiç haçan çagalaryna gygyryp geplenleriniň şaýaty bolmadym.Olor her hilli ýagdaýda hem çagalaryna mulaýymlyk bilen duşundirýarlar.Biz bolsa hemişe hem buňa amal ediwermeýas.

Adyý bir mysal: çaganyz bilen köçede gidip barýanyz,birdänika çaganyz ylgap ýykylyp düşdi.Şol wagtda näme edýanyz:koplanç aýrym ene-atalar,gözüne garap ýörseň ölýanmy,diyip çagany bir şapbat bilen urmaga öwrenip galanlar.Bundan başga aýrym wagtlarda durli gepler bilen olory kemsidip ,haýwan diyip başgalaryň önünde abraýyny bir tiýin edýas.Bu öz-özünden çagä erbet täsir edýar.

Eziz ene-atalar,öz perzentleriniz uçin hemişe mähr we söýgi berip duruň.Çaagalarynyz özi islaman ýagdaýda ýaman iş edip goýsa olary käýemeň.Tersine olor eden işinden gorkup duran bir wagtda,biräz oloryň ýaman işleri hakda gazaplanman duşundiriň.Çaganyz ýalan geplese,aýdanlarynyzy berjaý etmese diňe şonda olory jezalamaga hereket ediň.Ýone her hilli ýagdaý bolondada asla gygyrmasdan gepleň.

Jezalanandan soň elbettde olor bilen söhbetleşiň.Çagamyz koprak peýdaly işler bilen meşgul bolmagy uçin olora şert döretip bermek biz ene-atalaryň wezipesidir.Halkymyz arasynda “Güş ininde görenini edýar” diyen bir nakl bar.Ýokaryda aýdyp geçenlerimize elbettde ene-atalaryň özleri hem amal etmekleri gerek.Çagalaryň göz onünde hiç uruşmaň.Tersine är-aýallyk wezipelerini ýokary derejede berjaý etmage hereket ediň ezizler.Diňe şonda daşary ýürtdakylaryň çagalary däl,belki biziň çagalarymyz hem terbiýesi guýçli,geljekde dana we akl-paýhasly perzentler bolup ýetişýarlar.Eziz doganlar ýene siz bilen indiki gepleşiklerimizeçenli höşlaşýas.Sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top