MP3

Salam eziz doganlar.Ýene siz uçin taýarlanan mowzuklarymyzyň biri.Ezizler bugunki mowzugymyz arkaly biz Hudaýyň Sözini siz bilen paýlaşmakçi bolýas.Doganlar,geliň bugun siz bilen mužjyzalar hakda söhbetleşsek.

Mužjyza näme özi?Şu soragymyza şeýle jogap bermek mumkin.Insan nämeni mužjyza diyip hasaplaýar?Hemmesi şoňa bagly.Hudaý tarapyndan berjaý edilen kop zatlary biz mužjyza diyip kabul etmage öwrenendiris.

Mužjyza diyen sözi esasan masihiýler oran kop ulanmaga öwrenip galanlary syr däl.Aslynda mužjyza diyip güneşiň batyp,ertirine ýene göterilenini ýada bolmasa çaganyň ýok ýerden dögülyşyny aýtmagymyz mumkin.

Şu getirilen ikki mysalymyzda hem biz Hudaýyň ajaýyp işlerini görmegimiz mumkin.Dogrysyny aýdýas,bu hem aslynda mužjyza däl.Bularyň barysyny insanlar adyý ýagdaý diyip düşünýarler.

Eger çaganyň ejesi entek durmuşa çykmadyk boy gyz bolandady we ol perzent gorendedi,buny mužjyza diyip aýtmagymyz mumkin bolordy.Ýadynyzda bolsa Rebbimiziň ejesi Merýem entek Ýusufa dürmuşa çykman durup,Rebbimiz Isa Mesihy dünýa getirdi.

Bu hakykyý mužjyza diyip aýdylýar.Elbettde töwerekdakiler hemmesi haýran bolandy.Hatta Ýusufyň özi hem ikirjiňlenip galandy.Ýone hiç kim Hudaý şonuň ýaly mužjyzany edip bilýar diyip oýlamandy.Elbettde insanlaryň dünýä inmegini Hudaý meýilleşdirendi we şu oturtylan tertip häzirki güneçenli dowam edip gelýar.

Rebbimiz Isa Mesih koplap mužjyzalary edenini biz Mukaddes Kitapdan okamagymyz mumkin.Onuň hatta ölileri direlteni hem barymyza mälim.Elbettde Hudaý häzir hem durli ýerlerde durli mužjyzalary amala aşyrýar.Ýone kimdir öz guýji bilen hem mužjyza ýaratmaga hereket edýar.

Kimdir hassalary bejerjek bolýar,ýene kimdir bolsa ölileri hem direltip bilýan diýip koplap insanlary aldaýanynyň hem şaýaty bolýas.Ezizler,her hilli işi etmekden oň Hudaý tarapyndan size berilenine ynamly boluň.

Diňe şonda Hudaý siz arkaly hem koplap mužjyzalary edip bilýar.Mukaddes Kitapda keseller uçin ybadat etmek gerekdigini we olar şypa tapmagy hakda ýazylan.

Ýone menimçe bu gepleri jemagat ýaşullylaryna ýazylanyny ýagşy düşünmagimiz gerek. Çunki:men uçin falançy ybadat etdi,ýone şypa tapmadym diyip aýdylanyny kop gezek eşidendiris.Aslynda şypa tapmak keseliň özüne hem bagly.Ýone size nahilli peşgeş berilen bolsa,Hudaý uçin şu peşgeş arkaly hyzmat etsek ýenede ýagşyrak bolordy.Ezizler şu bilen mowzugymyzy gutarýas.Hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top