MP3

Salam hormatly radio diňleýji moştaklar.Bugunki gepleşigimiz arkaly biz siz bilen Rebimiz Isa Mesih nadip gyzykdyrma salynany dogrusyndaky wagzymyzy dowam ettdirýas.Iblis Rebimize hiç hili zahmet çekman onuň onünde bir salym sejde edeni uçin şäälygä etişmegi teklip edýar.Isa Mesih bu ýerde hem iblisy ýeňdi: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.

Bu aýaty Matta kitapynyň 4,ap 10 aýatynda okamagynyz mumkin. “Şundan soň iblis Isany taşlap gitdi. Perişdeler gelip, Isa hyzmat etdiler.” Matta 4:11, Çölde Isa Mesih diňe iblisyň üstünden däl,belki bu dunýa çaprazlyklarynyň üstinden hem ýeňiş etdi diyip düşunmegimiz gerek.Adam güna eden günden başlap insan we tebigat arasynda beýik ýagylyk döreýar.Isa Mesih hakda “Ol çölde haýwanlar bilen bille ýaşady”,ýagny tebigat bilen uýgunlaşyp ýaşady,diyilen.Ýahýa Çümdiriýjiniň hemişe töwereginde bolan we hyzmatynda hemişe ýardam berip ýören şagirdleri bardy.

Ol geçip barýan Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi. Ýahýanyň sözlerini eşidip, bu iki şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdi. Onuň yzyna düşüp gidenleriň biri Simun Petrusyň dogany Andrysdy. Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir). Ol doganyny Isanyň ýanyna getirdi. Isa Simuna seredip: «Sen Ýohannanyň ogly Simunsyň, ýöne sen Kepas diýlip atlandyrylarsyň» diýdi. (Kepas Petrus diýlip terjime edilýär). Ertesi gün Isa Jelilä gitmegi ýüregine düwdi. Ol Filipi tapyp: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Andrys bilen Petrus ýaly, Filip hem Betsaýda şäherindendi. Filip Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň Töwradynda we beýleki pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan Adamy tapdyk. Ol nasyraly Ýusubyň ogly Isa eken!» diýdi. Natanaýel oňa: «Nasyraly?! Ol ýerden, heý, bir oňly zat çykarmyka?!» diýdi. Filip hem oňa: «Ýör, görersiň!» diýdi. Isa Özüne tarap gelýän Natanaýeli görüp, ol hakda: «Ine, kalby hilesiz, hakyky Ysraýyl ogly» diýdi. Natanaýel Ondan: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýip sorady. Isa oňa: «Filip seni heniz çagyrmanka, Men seni injir agajynyň aşagynda gördüm» diýip jogap berdi. Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi. 50Isa oňa: «Seni injir agajynyň aşagynda gördüm diýenim üçin iman edýärsiňmi? Sen mundan-da beýik işleri görersiň» diýdi. 51Isa sözüni dowam edip: «Size dogrusyny aýdýaryn, indi siz gökleriň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň huzuryna inip-çykyşyny görersiňiz» diýdi.Bu başisi Isanyň wepaly şägirdleri boldular,olary Ol bilen bille Jelileniň Kana şäherindaki nika toýuna çagyrdylar.

Isanyň jemiýetdaki hyzmatynyň esasyý maksatlary:taglymat bermek,kömek etmek,iň esasyýsy bolsa Özünuň janyňy dunýa güneleri uçin gurban etmekdi.Isa bunuň ýaly hyzmat diňe Onuň yzyna eýerenlere ýardam bermagi mumkindigini bilerdi.Şol sebäpli Ol adamlary , göwünjeňlik bilen Özünuň şägirdleriniň hataryna göşulmaga oýarýady.Hormatly radio diňleýji moştaklar,Rebimiz Isa Mesih hiç hili gyzykdyrma ýenilmani her birimiz uçin ýagşy duşuniklidir.Ol şol berdaşlylygy arkaly Öz Atasynyň merhemetine sezewar boldy.Hudaý her birimizden hem ta şonuň ýaly sabr-tukatlygy talap edýar.Hormatly diňleýjiler her nili sabr-berdaşlyk Hudaýyň merhemetine etişmek diymekdir. Indiki gepleşiklerimizeçenli höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top