4:52

Uçin ybadat

MP3

Salam eziz radio diňleýji dostlar.Programmamyza hoş geldiňiz.Ezizler size mälim boluşy ýaly programmamyz esasan ybadat etmege ugrukdyrylan, we ybadat etmekden başga biz siz bilen bille Mukaddes Kitapdan aýatlary hem görüp çykýas.Bugun biz eziz resullerden Pawlusyň Efesliklere ýollan hatynyň birinde togtab geçýas.

Şoňa görä Reb Isa bolan imanyňyzy we Hudaýyň ähli halkyna bolan söýgiňizi eşidelim bäri, siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükür edip, doga-dileglerimde sizi dilimden düşüremok. Men Hudaý — Rebbimiz Isa Mesihiň beýik Atasyna siziň üçin dileg edýärin. Goý, Ol size Ony has oňat tanap bilmegiňiz üçin, size Mukaddes Ruhuň akyldarlygyny hem ylhamyny bersin. Hudaýyň Öz çagyranlaryna beren umydyna, halkyna eçilen şöhratly mirasynyň baýlygyna we biz iman edenlere görkezen deňsiz-taýsyz gudratyna göz ýetirmegiňiz üçin, goý, Ol ýüregiňiziň gatyny nurlandyrsyn diýip dileg edýärin. Bu gudrat Hudaýyň Mesihi direldip, gökde Öz sagynda oturdan güýjüne meňzeşdir. Hudaý Mesihi ähli hökümdarlykdan, ygtyýarlykdan, güýç-gudratdan we agalykdan, şeýle hem diňe bu döwürde däl, eýsem geljek döwürde-de tutuljak her bir atdan has ýokary goýdy. Hudaý hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edip, imanlylar ýygnagynyň bähbidi üçin Ony ähli zada baş etdi. Imanlylar ýygnagy Mesihiň bedenidir. Ol ähli zady Özünde jemleýän Mesih bilen doldurylandyr.

Owal siz ýazyklaryňyz we günäleriňiz sebäpli ölüdiňiz. Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz. Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk. Emma günälerimiz sebäpli öli hem bolsak, merhemete baý Hudaý Özüniň çuňňur söýgüsini görkezip, bizi Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolduňyz. Hawa, Hudaý bizi Mesih bilen bile direltdi we Ol arkaly bizi gökdäki älemde oturtdy. Ol muny Isa Mesih arkaly bize eden merhemetiniň we mähremliliginiň ummasyz baýlygyny geljek döwürde görkezmek üçin etdi. Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. Ezizler geliň biz hem ellerimizi açyp Perwerdigarimize ybadat edýas.Asmandaky Atajan Senden eden günalerimiz uçin bagyşlamagyňy soraýan.Men oran günakär insan näçe sogap iş etsemde näçe gurbanlyklar etsemde,näçe sadaka etsemde bularyň hiç biri meni Saňa ýakynlaşdyrmaýar.Diňe Seniň günakär insanlara eden gurbanlygyň arkaly,diňe mukaddes ganyny döken hezraty Isa Mesih bizi Saňa ýakynlaşdyryp bilýar.Hudaýym biz diňe Seniň merhemetiň arkaly ýaşaýas,diňe Seniň söýgiň arkaly diridirs.Günasiz hezraty Isa Mesihy garakçylar gataryna salyp Oňy haça çüýledik.Diňe Isa Mesih dökan gany arkaly biz Saňa ybadat etmaga çülumdirs. Hudaýym Sen Beýik Hudaý senden başga Hudaý ýokdyr.Bary öwgiler Saňadyr eziz Atajan.Omin.Ezizler bugun biz merhemet uçin ybadat etdik.Eger şol ýada başga mowzuklarda gepleşmagi isleseniz biziň elektron saýtymyza giriň.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top