MP3

Salam eziz radio dinleýji doganlar. Programmamyza höş geldiňiz. Programamyz
näme hakda ekenini bilýanyzmy? Biziň hemişelik dinleýjilerimiz biz
programmamyz arkaly Ýaradýjymyza ellerimizi açyp ybadat edýanymyzy
bilýerler.Ezizler ybadat aslynda näme ekenini bilýanyzmy? Ybadat hakynda
bilmekçi bolsanyz biz bilen galyň. Geliň Dawud paýgemberiň agşamky
ybadatlaryndan birini okap çykýas.

Eý, meni hakly çykarýan Hudaýym!
Maňa jogap ber çagyranymda.
Maňa giňlik berdiň daryganymda,
maňa merhemet et-de, dilegime gulak goý.
Eý, ynsan ogullary! Haçana çenli
siz maňa ysnat getirjek?
Haçana çenli puç zady söýüp,
siz ýalana eýerjek?
Sela
Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin
sadyk adamy saýlap goýandyr.
Reb meni eşidýär çagyranymda.
Gaharlanyp, günä galmaň siz,
Düşegiňizde oýlanyň, ümsüm boluň siz.
Sela
Dogry gurbanlyklary hödürläň,
Rebbe bil baglaň.
«Kim bize ýagşylyk eder?» diýýänler köpdür.
Ýa Reb, ýüzüňiň nuruny üstümize saç!
Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr,
ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.
Men arkaýyn ýatýan hem-de uklaýan;
çünki diňe Sen, ýa Reb, meni amanlykda ýaşadýaň.

Ezizler häzir sizi tanyşdyran ybadat Dawud paýgemberiň Ýaradýja eden
ybadatydy.Dostlar geliň biz hem bille Perwerdigerimize ybadat edýas.Hudaýym
bize haýat bereniň uçin minnetdars.Bizi ýaradanlaryň arasyndan edil bizi
saýlap alanyň uçin Mukaddes adyň şöhratlansyn.Seniň Öätyşalygyň
gelsin.Dawud paýgember “Kim bize bagt rähet getirýar?”diyen sorag
beripti.Elbettde Şol Sen Hudaýym,diňe Sen öz nuryňy üstimize salarsyn.Diňe
Sen bilen asuda ýataryn we öýanaryn.Ybadatyma gulak sal
Perwerdigarim.Hudaýym bizi güna belasyndan halas edeniň uçin Sana şükurler
aýdýas. Biz gunakärlar uçin Özüne bibaha bolan hezraati Isa Mesihy ölime
sezawar etdiň. Ýone seniň sözuň mukaddesdir. Rebbimiz Seniň beýik maksatyny
tassyklamak uçin Ony uçinji gun ölilerden direltdiň. Eziz Atajan bizi
Mukaddes Ruhyň bilen doldyr.Seniň Mukaddes adyň bilen ybadat etdik eziz
Perwerdigarym. Omin!

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top