MP3

“Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýandigimi
bilerler.Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin”(Ýohanna
gelen aýanlyk 2:23)

Salam. Çyndan hem Hudaýymyz yürekleri derňew geçiriji Hudaý.Hudaý her ýerde
taýyn bolup bilýan,her zada çulum,her zady görýan Hudaý,”Hiç kim gorenoga”-
diýip güna edýanlar ýaňlyşýarlar.Hudaý görüp durýar. “Hiç kim
bilenok”,diýanler hem ýaňlyşýarlar. Hudaý bilýar. Bir günä etsek Hudaý bizi
dereww jezalamaýar.Töbä etmägimiz uçin möhlet berýar.Eger onuň sabyr-
takatyny hyýanatçylykly peýdalansak,gazapyna duçar bolýas.

Tiýatira şaherinde Masih jemagatynda hem şonuň ýaly kemçilikler bardy.Hudaý
bu jemagat hakynda şeýle diydi:”Men seniň ähli
edenleriňi,söýginňi,imanyňy,hyzmatyňy we gaýratyňy bilýärin.Seniň häzirki
edýänleriniň ozalkylardan köpdügini hem bilýan.Emma sende oňlamaýan bir
zadym bar sen özüni paýgamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine
geçirimlik edýarsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen dogry ýoldan
azdyrjak bolýar,Men oňa töbä etmäge wagt berdim,yone ol azgynlyklardan ýüz
öwresi gelenok.Men oňy hassalyk düşegine ýatyraryn….jebir-jepa
çekdereriň.Şonda butin ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri
derňeýandigimi bilerler.Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza
bererin”

Emma size,ýagny Tiýatiradaky Izabeliň bu taglimatyna eýermedikleriň….
baryňa şuny aýdýaryň eger imaňyňyzy men gelýançäm saklasaňyz siziň üstüňize
başka zat ýuklemerin.”(Ýohanna gelen aýanlyk 2:19-25) Eger dykgat bilen
diňan bolsanyz bu sozler dogrudan dogry biz uçin aýdylan.Eger Tiýatiradaky
jemagaty bir şahs diyip bilsek,onuň içinde gowy isler,sabyr-
takat,söýgi,edermenlik,iman bolmagy bilen bille ýaman nogsanlar hem bolan.
Ýgny zinakärlik.Şol adamyň bu adaty başkalaryň hem bozüluşuna sebäp bolan.
Emma içimizde iman,ynanç,soýgi,sabyr-takat,gaýduwsyzlyk bolsa hem dine bir
günäli adetimiz ýa-da hereketimiz Hudaýyň närazylygyna sebäp bolýar.

Hudaý şol kemçiligimizi görmagimizi ondan töbä edip inkar etmagimizi
halaýar. Ol bize töbä etmägimiz uçin wagt we mumkinçilik berýar.Eger şonda
hem töba etmesek tä Tiýatira jemagatyndaky aýal ýaly bizi hem jezalaýar.
Hudaý göwnümizi,ýüreklerimizi bizden-de gowrak bilýar. Eger çyndan hem
Hudaýa bolan söýgimiz güýçli bolsa Hudaýyň yolunda özümuzi pida
etsek,hatalarymyzy ykrar edip bilýas.Olardy ret etmek hem elimizden gelýar.
Şonuň ýaly etsek Hudaý bizi öz edenlerimize görä sylaglaýar. Şeýle gowy
düýgulara eýe bolup Tiýatira jemagaty hem başyna ýaman günler düşmagini
halaman. Biz hem buny halamaýas.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top