MP3

Salam Luka ady Mukaddes Kitapda bar ýogy uç gezek dile alynýar.Näme uçin bunça kem dile alynan ekeni.Ahrym bu kitap kopçilik imanlylaryň iň söýan kitabyä?Köpçilik Luka şahsy hakynda koprak bilmegi isleýar.Luka şahsy hakynda bilib almakdan oň Mukaddes Kitapda ol hakda näme ýazylanyna seredaýliň:” Söýgüli dostumyz lukman Luka bilen Dema hem size salam ýollaýar”(Kol 4:14).Bu hatda Pawlus Lukany söýgüli lukman,diyip aýdýar.Ýene Filimuna ýazan hatynda ol Lukany egindeşim diyip aýdýar:” Isa Mesihiň ugrunda meniň bilen tussaglykda bile bolýan Epafra, egindeşlerim Mark, Aristarh, Dema we Luka dagy saňa salam aýdýarlar. “(Filimuna 24).2 Timotius 4 bap 11 aýatynda bolsa ol hakynda şeýle ýazylan:” Ýanymda diňe Luka galdy. Gaýdanyňda Marky hem alyp gaýt, sebäbi hyzmatymy bitirmekde maňa kömegi deger. “

Mukaddes Kitapda Luka hakynda bar ýogy uç gezek ýazylan bolsa hem,her gezek ol resullerden Pawlus bilen bille ekeni ýazylan.Bu uç bölekde Luka bilen bille Mark hem dile alynan.Bundan biz Luka we Mark ikkisi ýakyn işdeş bolanyny bilmegimiz mumkin.Ýohanna gelen aýanlyk kitapynyň ahyrynda ýazan şahs adlar ornuna “biz” we “olor”diyen çalyşma ulanylan.Bu çalyşma Luka Pawlus bilen bille bolanyny bildirýar.Eger ahyrky bölege uns berseniz Pawlusyň öliminden oň ýanynda ýaňyz Luka galandy.Başga şägirdler başga şäherlere ýada bolmasa oňy taşlap gidenlerinde Luka Pawlusyň azaply ölimineçenli bille boldy.Resulleriň kitapyna üns edýan bolsak Luka Pawlus bilen bille Troadan tä Filippiýeçenli saýhat eden.Takmynan alty ýyl geçip ol ýene Pawlusyň uçinçi syýahaty gutarmasdan oň oňa göşüldy we sonunaçenli ol bilen bille galýar.

Mukaddes Kitapdan ol hem Pawlus bilen bille Rim Kesariýasynda zyndanda ýatanyny bilmek mumkin.Eger hemişe ol Pawlus bilen bille ýören bolsa haçan Luka höşhabaryny ýazan diyen sorag doreýar?Takmynlara göra Luka Höşhabary Isa Mesih öliminden soň 60 ýylarda ýazylan.Birinji kitapyny ýazyp bolanson ikkinçi “Resuller”kitapyny ýazan.Takmynlara görä ol bu kitapyny Rimda ikki ýyl Pawlus bilen bille zyndanda ýatanynda ýazan.Çunki bu ikki kitap hem bir şahsa garatylyp ýazylan.Ikki ýyl Kesariýada bolmak Luka Isa hakda koplap anyk maglumatlar almagyna ýardam beren.Ol hemme anyk maglumatlary Isanyň şagirdlerinden,ol bilen bille bolan şahslardan bilib aldy.Bu kişiler Kesariýadaky ilki jemagatyň gurýjylarydy.Kesariýa Ierusalimden bir näçe kilometr daşda ýerleşendi.

Bu wagtda Isa Mesihyň ejesi diri bolan we Ierusalimde,Isanyň şägirdi Ýohannayň öýinde bolan bolmagy mumkin.Bu diymek Luka Isanyň ejesi Merýem bilen kop gezek düşüşan,Isanyň çagalygy hakynda doly maglumat alan.Ierusalim jemagatynyň çöpany Isa Mesihyň inisi Ýakup hem agasynyň haýaty hakynda gepleb beren bolmagy gerek.Luka höşhabaryny ökýan ekenik onuň başgalardan göra doly ekenini gorýas.Bu onuň hemme maglumatlary sabr-tukat bilen ýygnanyny we ýagşylap seljerenini görkezýar.Bilýanyz ol tebib bolan.Tebibleriň özüne degişli häsiýetleri bolýar.Olor bir netije gelmesden oň ýagşylap oýlap,geňeşip,öwrenip soň karar edýarler.Lukanyň höşhabary ajap ylham bilen ýazylan we ýagşylap barlanan höşhabarlaryň biridir.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top