4:45

Şübhe we görky

MP3

Salam Şübhe we Gorky.Bu düýgylar dunýawyý alyp seredende hem önçäklym ýagşy ada eýe däl.Ruhyý haýatymyzda bolsa bu ikkisini imanymyzyň ekiz düşmanlary diyip aýtmagymyz mumkin.Käwagt olor imanyň ornüny eýelemekçi bolýarlar.Kop ýagdaýlarda bolsa ybadat edýanymyzda bizi ýalňyşdyrmaga we imanymyzy äzaltmaga hereket edýar. Esasan şübhe ybadatymyzy haýyrly çykmagyna garşylyk edýar.Petrusyň suw üstinde ýörmaga hereket edeni ýadynyzdamy? Bu oraň gyzyk bir ýagdaý. Ilki başda şägirdler Isanyň suw üstinde ýorenini goreýarlar.Bu zat Petrusy oran täsirlendiren bolsa gerek.Ol hem Isanyň onüne barmaga rugsat soraýar.Ol suw üstinde ýöramaga karar edeninde we suwa düşende hem guýçli ynanç bardy.

Ol butin unsini Isa garatan we oňa ýörendi.Ýone ýary ýolda nämedir onuň ünsüni başga ýana sowdy.Bu ýel we tolkunlardy.Geliň şol ýerde näme bolanyny Mukaddes Kitapdan okasak:” Petrus Oňa jogap berip: «Agam, bu Sen bolsaň, maňa buýruk ber, suwuň ýüzünden ýöräp, ýanyňa baraýyn» diýdi. Isa: «Gel!» diýdi. Petrus hem gaýykdan düşüp, Isanyň ýanyna barjak bolup, suwuň ýüzünden Isa tarap ýöremäge başlady. Emma ýeliň güýjüni görüp gorkdy, gark bolup ugranda: «Agam, meni halas et» diýip gygyrdy. Isa şobada elini uzadyp, ony tutdy-da: «Eý, az imanly, näme üçin şübhelendiň?» diýdi. (Matta 14:28-31).Şübhe we gorky ýüregimizden ýer eýelemesligi gerek.Şübhe geldimi,badyna oňy ýok ediň.Gorky bilen hem şonuň ýaly ediň.Ýüreginizde Hudaýa şübhe saklamaň,bu zat imanynyzyň ölimine alyp gelmagi mumkin.Şübhe we gorkya berilmesligiň iň ýgşy ýoly unsinizi özünuzden alyp Hudaýa garatmakdadyr.

Biz bir işi başlar ekenik öz ejizliklerimize däl,Hudaýyň gudratyna seretmegimiz gerek.Adyý umyta doly iman gunden güne güýçlenip baryp gorkyny kowýar.Her sagatda Hudaýa daýanýan iman bizi şübheden azat edýar.Mukaddes Kitap şeýle diydi:” Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.”(Filip 4:6). Ine şol aýat her birimiziň haýatymyzda gaýgy aladalardan,gorkydan halas bolmaknyň ýagşy çäresidir.Eger Hudaý beren ine şol maslahatyna amal etsek butin oý-pikrlerimiz hätirjem bolýar.Bunuň özi ýeterli däl.Biz imanymyzy goraýyşy hem bilmegimiz gerek.Onda imanymyzy nadip şübhe we gorkydan goraýas?Bunuň uçin iman tiz-tiz ulanyp dürmagy gerek.Tiz-tiz Hudaýdan imanymyzy berkitmägi soramagymyz gerek.

Ýene sorag döremagi mumkin.Nadip imanymyzy ulanýas?Haýatymyzdaky kynçylyklar,synaglar imanymyzy berkitmaga hyzmat edýar.Ine şol wagtda imanymyzy dolulygynça ulanýas.Petrus şeýle diyip ýazypty:”…bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.”(1-ji Petrus1:7) .Imany berkitmägiň ýene bir ýoly bu Hudaýyň Sözüni okamak we ybadat etmek.Ezizler szde indi başga doganlar bilen iman,görky we şübhe ýaly meselelerde pikr alyşmak mumkinçiligi bar.Bunuň uçin biziň elektron menzilimize ýüzleniň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top