3:37

Söz arkaly ýaradylyş

MP3

Salam eziz doganlar,siz ezizler bilen ýenede sag aman düşüşup duranymyzdan oran begenýaris.Hormatly doganlar,insanyň Hudaý keşbinde ýaradylany hakda Köne Ähtda diňe üç gezek aýdylan.

Gelip çykyş kitapynyň 1 bap 26 we 27 aýatlary hem 9 bap 6 aýatynda.Ýone bunuň manysy nämedigi hakda hiç ýerde beýan edilmedik.Birinjisinde “surat” sözi “menzeş” sözüne,soňra bolsa ýaradylan barlyk üstinden hökümdarlyga baglanan ýagdaýda ulanylan.

Ikkinjisinde bolsa,insanyň erkek we aýal edip ýaradylanyna baglanyp ulanylan.Bu ikki ýagdaýda hem Hudaýyň suraty diýende näme nazarda tutylanyny anyk aýdyp bilmeýas.

Uçinjisinde bolsa,insan Hudaýyň suratynda ýaradylany sebäbli ony öldürene iň ýokary jeza ulanylmagy gerekdigi aýdylan.Mukaddes Kitapda insanyň Hudaý keşbinde ýaradylany hakda kem ýazylan,buňa sebäb,bu mowzugyň oňçä möhüm bolmany diyip oýlamagymyz mumkin.

Ýone bu mowzukda Mukaddes Kitapda başgaça ýagdaýda aýdylan,olary barlamasdan bolsa netije çykarmaga howlukmaslygymyz gerek.Mukaddes Kitapda insan Hudaýyň onünde aýratin derejä eýe hökmünde görkezilen.

Bu hem insan Hudaýyň keşbinde ýaradylanyny başgaça aňlatmasydir.Diýmek,biz gorkmazdan Hudaýyň suraty insanyň özüne has ekenini bildirýar,diyip aýtmagymyz mumkin.

Bu bolsa onuň Hudaý bilen aýratin aragatnaşyga eýedigini bildirýar.Gelip çykyş kitapynyň 1 bap 26 aýtynda ulanylan “menzeş” sözi hem surat szünsen tapowut edýan manyä eýe bolmazdan şu sözüň başgaça aýdylmagydir.

Bu ýerde ulanylan “hökümdärlyk” sözi bolsa suratyň manysyny açyp bermek uçin däl,belki,ähtimal,insan Hudaýyň suratyna eýedigi sebäbli ýetişen derejesini bildirýar.

Insanyň jynsy,ýagny onuň erkek ýada aýal edip ýaradylany Hudaýyň suratyna bagly bolýan bolsa,bu hem başga janzadlara has bolmadyk tarapdan bolmagy zerur.Elbettde,Hudaý Özi ýaradan butin barlygy gorap saklamaga wepaly,ýone insaniýet onuň göz önünde aýratin abraýa eýe.

Hudaý butin barlygy biziň bähbitimiz uçin ýaradan.Insaniýet ýaradylan butin barlygyň wekili bolup,Hudaýyň butin barlyk bilen aragatnaşygy şeýdip, insan Hudaý Onuň insanlar bilen aragatnaşygyna bagly. Hudaý ýaradan barlyk içinde diňe insanlar Hudaý akyl ýetirip bilýarler,şu sebabli insan edil Hudaý uçin ýaşamagy gerek.Ezizler,şu ýerde siz bilen höşlaşýas.Sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top