3:15

Söýgi

MP3

Salam hormatly we eziz doganlar.Siz ezizler bilen ýene düşüşup duranymyzdan oran minnetaris..Eziz doganlar,Hudaýyň soýgisiz,Onuň mähribanlygysyz we merhemetisiz dünýada höşhabar bolmaslygyny hemmamiz gowy bilýas.

Ine şu söýgi Hudaýyň Ýekeje Ogluny Rebbimiz Isa Mesihy ýer ýüzüne gelmagine sebäp boldy.Şu arkaly Isa Mesih biziň Halasgärimize owrildi.Bundan başga,şu söýgi Rebbimizi Golgotadaky haçdaky ölüme barmagyna sebäb boldy.

Şu söýgi,hali biz Hudaý hakda düşünjä eýe bolmanymyzda hem Hudaý tarapyndan söýilmagimize sebäp boldy.1 Ýohanna 4 bap 19 aýatynda :” Biz Hudaýy söýýäris, sebäbi ilki Ol bizi söýdi. “diyip ýazylan.Ezizler Hudaýyň söýgisini biz ýene nämede görmagimiz mumkin?

Elbettde,Ol Özi ýaradanlary hakda edýan aladalarynda anyk görmagimiz mumkin.Meselen,insanlaryň halas bolmagy uçin Ol Özünuň Ýekkeje Ogly Rebbimiz Isany biziň günalerimiz uçin ölüme barmagyna ýol goýdy.Bu oran beýik söýgidir.

Belki bunuň ýaly söýgi bir seredende kimedir onçaklym düşünerli bolmasa gerek.Ýone Hudaý edil insanlaryň halas bolmagy uçin Öz Ogluny ölüme ibermagi dünýadäky her hilli soýgiden ýokarydir.

Biz buny ýene insanlar uçin Hudaý tarapyndan berilen merhemet diyip aýtmagymyz hem mumkin.Insandaky söýgi Hudaýyň söýgisinden änçeme tapowutlanýar.Ynsanyý söýgi haçandir sönmegi mumkin.Ýone Hudaýyň insanlara bolan soýgisi ebediýdir.

Hudaý hatta günakär insanlary hem söýar,şonuň uçin hem günakärlari öz günaleri uçin toba edip,Hudaýyň onüne gelmeklerini oran- isleýar.Ýakynda bir ata öz perzenti hakda gaýgy edip geplaniniň şaýaty boldum.Ata özünuň perzentiniň gulak asmýandygyny we her hil nädogry işler edýanlygynda aýplardy.

Ýone gepiniň sonünda näme edeýin näme bolsada ol meniň oglum,ol ýaman bolsada barybir ony ýagşy gorýan,diyip aýdan gepleri meni haýran galdyrdy.Hudaý hem tä şonuň ýaly bizi günalerimize seretman barybir söýar.

Çunki biz her birimiz Hudaý tarapyndan ýaradylan insanlardiris.Hudaýyň perzentleridiris.Hudaý bizden isleýan ýekeje bir islegi-öz günalerimize ykarar bolup,Onuň onünde bary günalerimiz uçin bagyşlaýyşyny soramakdir.Diňe şonda biz jennede Hudaýyň onünde Ol bilen bille bolup bileris.

Ol bolsa insanlardaky her hilli günaleri hem bagyşlamaga taýyn.Şonuň bilen eziz doganlar,bugunki mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Ýene programmalarymyz arkaly düşüşýinçenli höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top