3:10

Hudaýyň çakylygy

MP3

Salam hormatly doganlar.Siz ezizler bilen ýene duşuşup duranymyzdan Hudaýa şükürler aýdýas.Her bir mesihyý kişi,eger şonuň ýaly peşgeş bolsa,Höşhabar aýtmagy we mätäçlere Hudaýyň Sözüni ýetirmagi şert.

Biz mesihiýlerde entek haýat demi bar ekeni,Hudaý uçin hyzmat etmagimize hiç zat garşylyk etmesligi gerek.Ýohanna gelen aýnalyk kitapynyň 22 bap 17 aýatynda şonuň ýaly sözleri okamagymyz mumkin” Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin.

Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin! “Höşhabary ýaýratmak-bu biziň abraý tapmagymyz uçin däl,tersine Hudaý uçin edilýan hyzmatdir.Edýan hyzmatymyzdan bolsa Hudaý şöhratlanmagy we şatlanmagy gerek.

Elbettde bunuň ýaly hyzmata diňe erkek kişiler däl,belki aýallar hem çakyrylandyr.Elbettde,her bir çakyrylan kişi Hudaý uçin edýan hyzmatyny nalaman we her hil kynçylyklara seretman amala aşyrsa,ýenede koprak kişiler halas bolýarlar,diyip aýtmagymyz mumkin.

Haçan edýan hyzmatlarymyzdan göwnimiz dolsa we şatlyk bilen ony amala aşyrsak,işimiz bereketli we alýan hasylymyz bol bolýar.Kimdir jemagatda çöpanlyk etse,ýene kimdir çagalar uçin hyzmat etmagi mumkin.Iň möhümy,edýan hyzmatlarymyzy edil Hudaý tarapyndan berilenine özümiz ynanmagymyz gerek.

Men haýatdan bir mysal getirmagim mumkin.Bir guni hyzmatçylary taýarlamak uçin bäş günli seminar taýýarlandy.Seminarda takmynan oňa ýakyn kişiler gatnaşdy.Şonda gözüm uç uýalarymyza düşdi.Olaryň oturuşlaryndan bu seminar olara ýaramaýny görünip durandy.

Arakesme wagtynda men olar bilen söhbetleşenimde,bu uýalarymyz çöpanynyň gyssagy bilen mejbur gelenleri mälim boldy.Aslynda bolsa edil şu ugurdaky hyzmat olara ýaramýany mälim boldy.

Şonda men olary arkaýyn oýlerine gaýtmagyna rugsat berdim.Çöpan olara hiç hilli jeza ulanmaslygy hakda wada berdim.Häzirki günde şu uýalarymyz başga ugyrda ajaýyp hyzmat ediň Hudaýa hasyl getirýarler.

Bu bilen,diyjegim ezizler hyzmat başlamaka ybadat edip Hudaýdan anyk görkezmeler alsak ýagşy bolordy.Insanyý guýç bilen başlanan hyzmat,elbettde ýarym ýolda togtap galmagy mumkin.Bu bolsa insanyň ruhdan düşmagine we- boldy men hyzmatçy bolup bilmeýan diyip oýlamagyna alyp gelmagi mumkin.Hormatly doganlar,siz Hudaý uçin nahilli hyzmat edýanyz?Bize şu hakda ýazyp ibermeginiz mumkin.Ýenede mowzuklarymyz arkaly duşuşýinçenli hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top