4:01

Şypalamak

MP3

“Çünki biz häzir bölekleýin bilýäris, bölekleýin pygamberlik edýäris. Kämillik gelende, bölekleýin zatlar tamamlanar. Men çagakam, çaga ýaly gürleýärdim, çaga ýaly oýlanýardym, çaga ýaly pikir ýöredýärdim. Emma ulalyp kemala gelenimde, çagalyk ýörelgelerini taşladym. Şindi ähli zady öçügsi aýnadan gören ýaly görýäris. Emma soňra ähli zady ýüzbe-ýüz göreris. Men şindi bölekleýin bilýärin, ýöne şonda Hudaýyň meni bilşi ýaly doly bilerin. “(1-ji Korintoslylara 13:9-12).

Salam ezizler.Haýatymyzda bolup geçýan wakalary koplanç düşünip bilman kynalýas.Namuçin Hudaý haýtyma bu zatlary iberýar?Nämuçin soran zatlarymy derew berip goýmaýar.Namuçin ybadatyma jogap alyp bilemok,şonuň ýaly soraglar her bir imanlyňy birahat edişi anyk.Bu soraglara jogap bermek uçin Mark kitapynan bir bölegi okamagymyza dogry gelýar.

“Onsoň Isa bilen şägirtleri Betsaýda geldiler. Ol ýerde Isanyň ýanyna bir kör adamy getirdiler we oňa elini degirmegini sorap, Oňa ýalbardylar. Isa kör adamyň elinden tutup, ony obanyň daşyna çykardy. Isa onuň gözlerine tüýkürip, ellerini onuň başyna goýup: «Bir zat görýärsiňmi?» diýip sorady. Kör başyny galdyryp: «Adamlary görýärin, olar ýöräp barýan agaçlar ýaly bolup görünýär» diýdi. Isa ýene-de ellerini onuň gözlerine goýdy. Kör çiňerilip seretdi, şypa tapyp, bar zady aýdyň gördi.Isa: «Oba girme» diýip, ony öýüne iberdi.”(Mark 8:2-26).

Bir kör adamy getirip,oňa el degirmegi sorady-diyip ýazýar Mark.Başga bir tejimede bolsa “haýyşt etdi”diyip ýazylan.Getirenleriň haýyşt edenine garanda,bu adamlar koriň garyndaşlary ýada dostlary bolmagy mumkin.Ilki aýatlardan bu kişileriň imany guýçli ekenini gorýas.Çunki olor “Isa Mesih ine şol ýakynymyza el degirse gözleri açylýar” diyip ynanlar.Gyzyk nämuçin Isa Mesih oňy duran ýerinde şypalap goýmady,nämuçin oňy obadan daşary alyp çykdy.Mukaddes Kitap bu bölek arkaly bize näme diymekçi?Isa köri oba daşarysyna alyp barýanynda köriň ýüreginde nämeler geçdikä?Isa Mesih oňy ynançly ýere alyp barýanyna ynananmy,ýokmy?Nämuçin Isa Mesih gözlerini basgançakmy-başganjak şypalady.Bir gezekde ýada bolmasa sözi bilen hem şypalap bilerdi-ä?

Biz hem ine şol kör adama menzeýas.Oňa ybadat edýas.Ol bolsa ybadatlarymyza assa-ýuwwaş jogap berýar.Jogap berýan ekeni Ol bizi alyp barýar.Özi islän ýere alyp barýar.Şol wagtda özümizi nahilli duýas? Isa bizi ýagşy ýere alyp barýanyna ynanýasmy?Her gezek ybadat edenimizde Ol ybadatlarymyza biparh bolmaýar.Bizi ybadatlarymyzyň jogapy tarap alyp barýan bolýar.Her gezek ybadatymyza assa-ýuwwaş jogap bereninde Ol we özümuz hakda koprak zady bilip barýas.Tä 1-ji Korintoslylara 13 bapda ýazylyşy ýaly Şindi ähli zady öçügsi aýnadan gören ýaly görýäris.Isa Mesih ruhyý gözlerimizi açanynda Hudaýy,özümizi we haýatymyzdaky wakalary anyk-dury gorup başlaýas.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top