MP3

Salam gadrdanlar. Bugun Hannanyň ogly Şamuwelyň haýatyna seredaýliň.Perzent
dogulanson Hanna: «Men muny Rebden diläp aldym» diýip, ol oglunyň adyna
Şamuwel dakdy. Şamuwel dolu Hudaýa bagş
edilen çagady. Ol Hudaýyň ybadathanasynda ösüp ulaldy.Ybadathanada ösen
çaganyň haýaty nahilli bolýar?Göz onüne getiraýliň.Ol gun dowamynda ruhanyý
Eliý ýanynda bolan.Eliýden Hudaý hakynda kopak we ýagşy bilip alan.Hudaýyň
adamlar bilen bolan aragatnaşygyny,täsinliklerini bilip alan.Iň möhümy
Hudaýyň kanun-kadalaryny oran gowy özleşdiren.Kiçikliginden Hudaý bilen
aragatnaşykda bolmagy öwrenen. Sözüň gysgasy –bir günde 24 sagat bolsa 24
sagat wagty Hudaýa bagyş eden çaga bolan.
Ol birinji gezek Hudaýyň owazyny eşideninde,Mukaddes Kitap ony ýetginjek
oglan diydi.Mukaddes Kitapdaky Şamuwel hekaýasy arkaly onuň
sadakaty,sabry,mähriban we pähimli bolanyny bilib alýas.Ol ybadathanada
ýaşan bolsada adamlaryn nahillidigini bilib aldy.Eger ybadathanada
däl,adamlar arasynda ýaşanynda ýagşy we ýaman adamlar bardygyny bilip
tizrak bilip alan bolordy.Yone ybadathanada ýaşanynda hem bu zatlardan
bihabar galmady.Ol ruhanyý Eliýnyň gabahat işleriniň şaýaty boldy.Eliýnyň
ogullary atasynyň geplerine gulak asman,durli gabahat işlerini
edýadylar.Ýaş Şamuwel bolsa ulalyp Hudaýyň we halknyň patasyny gazanyp
barýady.Ine şondan hem onuň naçe arassa ýürek eýesi bolanyny bilmegimiz
mumkin.
Bugun haýsy imanly çaga tä Şamuwel ýaly bolaýyn diýdi.Haýsy ene-ata öz
perzentini ýaşlygyndan Hudaýyň şözüni öwretýar?Eger Mukaddes Kitapa
seretsek dine perzentlerimiz däl,özümiz hem görelde almagymyz mumkin bolan
wakalar bar.Hudaý Mukaddes Kitapdaky şahslar haýaty arkaly bize nahilli
bolmak ýa-da bolmaslykny öwretmekçi.Biz bolsa onuň niyetini düşünip
almagymyz gerek. Mukaddes Kitapdaky Mukaddes Şahslar hakyndaky radio
gepleşigimizden hem maksat şol size Hudanyň niyetlerini mälim etmek.Şämuwel
hekaýasy arkaly perzentlerimizi Şamuwel ýaly ösdirmek,bar mumkinçiliklerden
peýdalanyp olory Hudaý bilen tanyşdyrmagy öwretmek mumkin.
Şamuwel birinji gezek Hudaýyň owazyny eşidende Hudaý oňa Eliýnyň maşgalasy
hakynda aýdypty. “Eliýiň nesline garşy aýdanlarymyň ählisini şol gün berjaý
ederin. Onuň neslini ebedilik jezalandyrjakdygymy Men oňa aýdypdym. Çünki
ol ogullarynyň Maňa dil ýetirendiklerini bilip hem, olary bu işden
saklamady. Şoňa görä Eliýiň maşgalasynyň günäsi gurbanlyk bilen-de, sadaka
bilen-de hiç wagt ýuwulmaz diýip, Men onuň nesline garşy ant içdim». Hudaý
hakynda kop zat ökan,eşiden bolsada,bu gezek ol çyndan hem Hudaýyň ýekke
sözli ekenini,adalatlylygyny,günalere çydap durup bilmesligini öz haýatynda
gordi. Bu oňa sapak boldy. Eger başga paýgemberler hakynda hem bilmekçi
bolsanyz biziň saýtymyza girin.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top