3:44

Ruhyý ýeňiş

MP3

Salam eziz we mähriban radio diňleýji doganlar.Ýene efirde siz eziz dostlarymyz uçin taýynlanan gepleşiklerimizden biri.Taro kartalary,palmançy,oňünden welilik etmek ýagny geljegi oňünden aýdyp bermek-bularyň bary Hudaýa garşy bolan emellerdir.

Şol okkult emelleriň gelip çykyşy zalym guýçlere degişli emellerdir.Oloryň barysy Mukaddes Kitapda anyk suratlandyrylan we gadagan edilen.Meselen Köne Äht kitapyndan Ikkinji kanunlar kitapynyň 18 bap 9-13 aýatlarynda okap görmaginiz mumkin.

Masihiýlar hakykat ýolundan çykmaslyk uçin hemişe özlerinde ýaşaýan Mukaddes Ruha gulak asyp ýaşamaklary gerek.Olor hiç haçan ýokaryda aýdyp geçilen ýollara girmeslikleri gerek.Belki Mesihe gelmaginizden oňki haýatynyzda şonuň ýaly işlere aralaşyp galan bolmagynyz mumkin.

Hudaýyň onünde toba edip bagyşlaýyşyny soramak,şoňa meňzeş günaleriň doly bagyşlanmagy uçin mumkinçilik berýar.Biz anyk bilmegimiz gerek bolan başgada iblise has bolan kop ýollar hem bar.Astrologik düşundirişler düzmek,stol aýlamak, aždähalar we ýerkümeler,jadyly kristallar ýada piramidalar we yrgyldawaç yranma ýollary bilen ruhy çagyryp geljegi omümden bilmek ýaly emeller şolar içine girýar.

Eziz doganlar,täze imana gelenlere bunuň ýaly zatlardan gutarnykly boýun gaçyryp,olora umumman ýakyn gelmeslik zerurdygyny duşundirip beriň.Bunuň ýaly okkulmt işler bilen meşgullanmak diňe şeýtan uçin peýdalydyr.Ahyr soň bolsa insanyň haýaty ölüm bilen gutarmagyna kopçiligimiz şaýat bolandyrys.

Jadygöýleriň jadysy, müneçjimlik we dogagöýlik Mukaddes Kitapda hemişe garalanyp gelen.Geliň ezizler Mukaddes Kitapdan bugungi mowzugymyza degişli bolan aýrym aýatlary getirip geçýas.Mumkinçiliginiz bolonda şol aýatlary Mukaddes Kitapdan tapyp okap gormeginiz mumkin.Lewiýler kitapy 19 bap 26 aýat,ýene şol kitapyň 20 bap 27 aýaty.Ikkinji Kanunlar 18 bap9-13,4-ji Pätyşalar 9:22, we Mihýe 5:12 aýaty.

Ezizler,bundan başga Hudaý tarapyndan gadagan edilen durli hil okkult işlerinde bolsa jynlar sejde obekti hasaplanýarlar.Insan bolsa diňe diri Hudaýa sajde etmegi gerek.Köne haýaty dowründe şonuň ýaly işler bilen meşgullanan aýrym doganlarymyzdan şol hakda sorap görseniz hatta şol wagtlary ýada almagy hem islemeýarlar.

Hiç bir imanly özünuň iblise has bolan hereketlerini aklap bilmeýar.Diri Hudaýa ynanyp ýaşamak bolsa biz imanlylara ajaýyp umut berýar,wagty sagaty gelip bolsa ine şol umytlarymyz amala aşýar.Ezizler,ýene radio arkaly duşuşýnçenli höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top