Salam hormatly radio dinleji moştaklar .Siz bilen ýene radio tolkunlary
arkaly düşüşup düranymyzdan biz şadýan. Geliň hormatly radio diňlejiler
bugunki gepleşigimiz arkaly Ýhanna höşhabarynyň awtory hakynda
söhbetleşsek.Zabadiý bilen Salomeýanyň ogly resul Yhanna takmynan
masihiýlyk eýýamy başlanandan soň dögülan.Ol resuller arasynda iň ýaşy
bolan bolmagy mumkin.
Şo bilen bille öz maşgalasynda hem iň kiçisi bolan bolsa gerek.Batsaýdada
ýa-da onuň töwereginde ýaşan Ýhannanyň atasy Zabadiý hakynda diňe ol
balykçylyk bilen meşgul bolany we öz işkärlari bar bolony uçin änçe baý
adam bolondygy mälim.Şol gepimiziň tassygy häsiýetinde Mark höşhabarynyň
1:20 aýatyny görüp çykmagyňyz mumkin.Yhanna 19:25 aýatyna esaslanyp
käbirler Salomeýa Isanyň Enesi Marýamyň gyz dogany bolon diyip oýlaýarlar,
beýle bolsa Zabadiýnyň ogullary Rebbimiziň garyndaşlary bolýarlar.
Emma bularyň hemmesi diňe bir takmyn .Zabadiýanyň ölüminden soň Solomeýa
Rebbimize eýeren aýallar hatarynda bolan bolsa gerek.Bu maşgalanyň
Ierusalimde öýi bolan bolsa gerek.Çunki Yhanna haça çüýlenen Isanyň sonky
islegini berjaý edip Merýamny şol öýine alyp giden.Zabadiý Ierusalimde
balyk sewdasy bilen meşgul bolony uçin Mukaddes şaherde tanyşlary bardy
we Yhanna ýokary ruhanyý Kaýafa bilen tanyşdy. Yudas Iskariotdan başka
resuller ýaly Yhannanyň gelip çykyşy Jalilä baryp degýar.
Yhanna Ýahýa Çümdiriýjiniň şagirdleri hatarynda bolan.Ol Çokundirijinyň
wagzlarynyň esasyny gowy özleşdiripti.Ol öz ünsini Mesih we Onuň
günäkärleri aklamak işi hakyndaky sözlere garatypty. Ol buna şonuň ýaly
garaşýady hattda Çümdirijiniň ine Hudaýyň guzysy diýen görkezmesi bilen
Yhanna hiç bir ikirjiňlenmani Onuň ýzýndan barmagyna sebäp boldy.Yhanna
Masih bilen gepleşen wagtdan başlap özüni Hudaýyň Goýberenine bagyşlapty
we diňe Onuň ata-enesini taşlap Onuň artyndn barmagy hakyndaky sonky
emrine garaşýady.
Yhanna Halaskär haýatyndaky köp wakalaryň şaýaty boldy.Rebbimiziň ýerdäki
haýatynyň ahyrky gunlerinde Yhanna köp dile alynan.Petrus bilen oňa pisah
baýramy naharyny taýynlamak buýrulandy,oturylyşykda ol Isanyň bagryna baş
göüup gyşarypty. Yhanna ýokary ryhanýy bilen tanyş bolony uçin Petrusny
onuň howlysyna alyp girdi. Yhanna öz Halypasynyň ýzynda höküma we Golgofa
baryp haç ýanynda düran ýekkeje resuldyr.Bu ýerde ol Rebbimiziň oňa bolan
söýgisi we ynançynyň täze subutyňy aldy.
Hormatly radio dinleji moştaklar Yhanna hakynda köp öwrenmek mumkin. Sonky
gepleşiklerimiz arkaly hem sizlere resuller hakynda öz bilenlerimizi siz
bilen paýlaşyp bararys. Şonuň bilen bugunki söhbetimizi gutarýars,sizler
bilen sonky gepleşiklerimizeçenli höşlaşýas.Sag boluň.