Salam hormatly doganlar.Ýene siz bilen düşüşup düranymyz uçin Atamyz Hudaýdan minnetdaris.Ezizler,Mukaddes Kitapyň Matta Hoşhabarynyň 16 bap 17-18 aýatlarynda Rebbimiziň Petrusa garatyp aýdan gepleri getirilen:
«Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr. Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus!Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez. “
Eziz doganlar,ine şu aýaty okap görenimizde,Rebbimiziň Özi Petrusy merhemetleýanyny görmagimiz mumkin.Insan uçin Hudaýyň merhemetinden artyk magtawlar barmy ahrym?Ýone muň gýnansakda aradan biräz wagt geçenson Petrus Rebbimizden gaty teýene sözleri hem eşidip alýar.
Rebbimiziň şu gepleri Matta kitapynyň 16 bap 23 aýatynda getirilen:” Emma Isa Petrusa tarap öwrülip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa böwet bolýarsyň, sebäbi Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýdi. Ezizler Rebbimiziň bu gepleri şeýtana garatyp aýdylmadyk,belki Petrusa garata aýdylany bize ýagşy mälim.
Ahrym Rebbimiz Petusy biräz oň merhemetlap durdy,indi bolsa nadip ony şeýtan diýip aýdýar?Beýle birdänikä bolýan özgerişi nadip düşündirmek mumkin? Rebbimiz Isa Mesih sebäbpsiz insanlara degişli hiç haçan gaty aragatnaşyk etmeýani bize ýagşy mälim.
Bundanam başga,Rebbimiz hiç haçan ikkiýüzlilik hem etmän.Kimdir birini magtap durup,ýene birdänikä ony aýplamak Rebbimize has däldi.Eziz doganlar,eger Matta Kitapynyň 16 bap 21 aýatyny okap görsek,şol soragymyza jogap alýas diýip oýlaýan.
Geliň,ezizler,şu aýaty billelikde okap goraýliň:” Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady. “Üns etsek,Rebbimiz Özünuň köp görgi görmelidigi hakda şägirdlerine anyk geplandi.
Ierusalime barmak we günakärler uçin azap çekmek Onuň özgertip bolmaýan wezipesidi.Petrus bolsa Rebbimizi ýoldan gaýtarmakçy bolandy.Şonuň uçin hem Rebbimiz Isa Petrusy käýep meniň ýolumy bekleme diýip aýdandy.
Hormatly doganlar,biziň internet saýtymyzdan peýdalanyň.Höş sag aman boluň.