5:08

Paýgember hulda

MP3

Salam. Bilýaňyzmy ýakyn-ýakunaçen gadymda aýal paýgemberler hem bolanyny
bilmeýadym. Köp gezek Mukaddes Kitaby ökän bolsam hem,bu hakda bilmän
ekenim.Gadymda Hudaý kä bir aýallar arkaly Öz işlerini berjaý eden. Meselen
Debora Ysraýylda kazy bolan.Onuň äri däl,edil özi,aýal bolup Ysraýyl
halkyna kazylyk eden.Bu Hudaýyň eradasy we islegidi.Şonuň uçin hem halk bu
aýala tabyn bolan. Bundan 100-200 ýyllar oň,aýallaryň döwlet işine
aralaşmak baride dursyn, bir edarada işlamagi hem gadagan edilendi. Gyzlar
mektepe barmasa hem bolýady.Bilim almak we bir ýerde işlamak gyz-aýallar
uçin däl diyediler.Ýakyn taryhda aýallara şeýle düşünme bolan bolsa,diýmek
gadym taryhda hem düşünje şeýle bolan.
Umuman Hudaý paýgember ýa-da kazy taýynlanda Esasan erkekleri taýynlan.
Emma Hudaý aýallary erkeklerden kem görmäýar.Olar hem hörmat edilmaga, eziz
görülmaga we söýülmaga mynasyp.Hudaý olary hem Öz keşpinde ýaradan.Oňa hem
gözel häsiýetleri beren.Şonuň uçin bolsa gerek Ysraýyl halkynyň taryhyna
seretseňiz ol ýerde halkyň takdyryna peýdaly ülüş göşan aýallary
görýaňyz.Şolardan biri paýgember Huldadyr.Ol kimdi? Haýsy zamanda
ýaşap,Hudaýa hyzmat eden? Mukaddes Kitap onuň kimdigi barada şeýle diydi:”
Hulda egin-eşik sakçysy Harhasyň agtygy, Tikwanyň ogly Şallumyň aýalydy. Ol
aýal Iýerusalimiň ikinji bölüminde ýaşaýardy.”
Bilýaňyz,her bir paýgember aýratyn bir hyzmat uçin iberilýar.Olor halk
bilen Hudaý ortasynda töwellaçylyk edýarlar.Hudaýyň sözlerini halkka
etirýarlar.Huldanyň wezipesi hem şonan ybaratdy.Mukaddes Kitapyň Köne Ahd
böleginde Hulda hakynda köp ýazylmän.Hulda pätyşa Ýyeşuýa Ýahudiýada
hökümranlyk eden wagtlarynda ýaşap Hudaýa hyzmat eden.Pätyşa Ýyeşuýa
eýamymyzdan oň 600 ýylaryň ortalarynda Ýahydiýada hökümranlyk eden. Hulda
hem şo ýyllarda paýgemberlik eden eden aýal hasaplanýar.
Yone ýokaryda aýdyşymyz ýaly Mukaddes Kitapda bu aýal diňe bir ýerde
tile alynan. Ol Pätyşa Ýeşuýanyň haýaty,ýol goýan ýaňlyşlary,bundan beýle
näme etmagi gerekdigi hakynda Hudaýdan alan sözlerini Ýeşuýanyň buýrugyna
göra gelen ruhanyýlara mälim eden. Hudaý bu paýgember aýal arkaly Ýeşuýä
şeýle diydi:” Hulda olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb sizi meniň ýanyma iberen
adama şeýle diýýär: Reb şeýle diýýär diýiň: „Men Ýahuda patyşasynyň bu
kitapda okan zatlaryna görä hökman bu ýere we bu ýerde ýaşaýanlaryň başyna
bir betbagtçylyk indererin. Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly
ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin
Meniň bulara bolan gaharym has tutaşdy, ol indi hiç haçan sönmez“. Emma
Ysraýyl Hudaýy Reb Özünden soramak üçin şu ýere ýollan Ýahuda patyşasyna
onuň eşiden sözleri barada şeýle diýýär: 19„Meniň bu ýurdy weýran edip,
onuň ýaşaýjylaryny näletlemek baradaky sözlerimi eşideniňde, seniň ýüregiň
ýumşady. Özüňi Rebbiň huzurynda peseltdiň, ýakaňy ýyrtyp, öňümde dady-
perýat etdiň. Şonuň üçin Men seniň dilegiňi eşitdim. …”(2-ji patyşalar
22:15-20).Paýgember Hulda hakynda bilenlerimiz şolar. Rebbimiz patyşa
Ýeşuýä hatalaryny dogrylamagy uçin mumkinçilik berdi.Siz bilen bize hem
şonuň ýýaly mumkinçilik berýar.Buny geçirip ibermesek bolony

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top