3:12

Òý Toparlary

MP3

Salam eziz radio diňleýji doganlar.Siz bilen ýene radio garşysynda düşuşyp duranymyzdan Hudaýa minnetdars.Ezizler eger häzirki ýagdaýy alyp seretsek iň golaýi öý jemagatlarynda ýygnalyp Hudaýi şöhratlandyrmakdyr.

Bunuň bir näçe sebäpleri hem bar.Ýone bugun şol sebäpler hakynda togtap geçmekçi däl.Bundan başgada möhümrak meseleler hem bar.Eziz doganlar biz özümizi başga adamlar bilen denleşdirmesden Rebbimize seretmegimiz gerek.

Eger Rebbimiziň näçe päkdigini göz önümize getirip bilsek Ruhan ösüp imanda berk bolmagymyz gerekdigini we iň möhümy günaden daşrak bolmagymyz gerekdigini şeýle hem bilmegimiz mumkin.Ezizler eger biz şol aýdanlarymyza amal etmaga öwrensek, kiçigöwünli bolmaga özümizi ynandyryp bilers.

Öý toparlaryda hem özüne degişli aýrym meseleler bar.Meselen ýygnaklara hemişe hem hemme gelip bilmeýar.Bundan başga käwagt aýrym doganlar bir-birleri bilen ylalaşyp bilman biri birinden öýkelep hem galmaklary mumkin.Şonuň ýaly wagtlarda meselelere nahilli jogap bermagi oýlap haýran bolýas.

Çyndanam şonuň ýaly wagtlarda nahilli ýol tutmagymyz mumkin?Elbettde birinji etmek gerek bolan işimiz şol doganlar uçin ybadat etmegimiz gerek.Bize Hudaý Mukaddes Ruh beren ,Ýohanna kitapynyň 14 bap 26 aýatynda şeýle aýaty okasak:” Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar. “

Şeýdip eziz diňleýji bary guýç we danalygy Hudaýyň Özi bize ýetirer.Hudaýdan ýardam sorap edilen ybadat elbettde jogapsyz galmaýar.Ezizler gerek bolsa başga doganlardan maslahat alyň we olary hem siz bilen billelikde ybadat etmeklerine çagyryň.

Beýle meseleler hemmede elbettde bolmagy mumkin.Hätta ullakan jemagatlarda hem şonuň ýaly meselelere duş gelendiris diysek hem ýalňyş bolmaýar.Biziň maksatymyz bolsa bir birimizden tejribe öwrenip we öz şägirdlerimizi hem geljekde bolmagy mumkin bolan meselelerden öňünden duýduryp olary onünden taýarlamakdir.Eziz doganlar bugunki gepleşigimizi Mukaddes Kitapdaky ýene bir aýat bilen gutarýas.

“Rebbim sizi Öz çagyrygyna laýyk görsin.Özüne has guýç-gudrat bilen butin ýagşy myrat-maksatynyzy amala aşyrsyn,her bir imanly işinize amat bersin”. Ezizler siz bilen höşlaşýas sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top