3:28

Öý jemagatlary

MP3

Salam eziz dostlar,siz bilen ýenede sag aman düşüşup duranymyzdan oran şat.Eziz dognlar ýatlap galyň,siziň gutulmagynyz siziň duýgularynyza däl,belki Hudaýyň sadakatlygyna bagly,çunki siz oňa galbynyzy we haýatynyzy ynanyp tabşyrdynyz.

Eger siz taýyp ýykylsanyz,bu siz ýörämegi öwrenip bilmýandygynyzy subut etmeýar,ýada siz özüniziň ýaňlyşlarynyz uçin gökdäki ogullykdan mahrum boldynyz diyeni däl.Siz Hudaýdan ýene bagyşlamagyny soramagynyz mumkin we şonda siz gaýta ornünyzdan durup,ýolunyzda dowam etmeginiz mumkin.Siziň haýatynyzda bolýan özgeriş Hudaýa ýaramly bolmak islägi we siz özüniziň ýaňlyşlarynyzdan puşman bolmagyň özi siziň täze tebigatynyzdan subutdir.

Şonuň uçin şübhelenmeň.Ýatdan çykarmaň,çagalaryň käbirleri başgasyna görä ýöremegi kynrak owrenýar.Siz söýiji ene-atalar öz çagalary ýykylyp ýaralananda onuň bir özüni galdyrýar ýada ýykylany uçin ony jezalaýar diyip oýlaýanyzmy?Hiç haçan!

Olar ony göterýarler we köşeşdirýarlar we gowy ýöremagi öwreniýnçenli ýardam berýarler.Siz ýöremagi öwrenýan wagtynyzda size Hudaý başgaça üns edýar diyip oýlýanyzmy?Bolmagy mumkin däl!

Bugun Oňa ybadatda aýdyň:”Asmandaky Ata,meniň elimden tutup duranyň uçin ýöremagi öwredýanyň uçin teşekur.Men güýçden düşdim,emma bilýan Sen dogry hereket etmagime ýardam berýaň”.

Hudaý siziň täze haýatynyzda Mukaddes Ruh bilen we Onuň Sözi-Mukaddes Kitap bilen ýolbaşçylyk etmagi isleýardigini bilmeginiz gerek.Mukaddes Kitapy okaň we her guni ybadat ediň.

Bu size şübhelerden boş bolmaga we ýolunyzda büdrämesden dowam etmaginizde ýardam berýar.Eger siz halas bolmagym uçin Men,hakykatdan hemmesini berjaý etdimmi diyip şübhelenýandirsiniz.Mesih insan halas bolmagy uçin näme gerekdigini anyk aýdýar.

Geliň indi görýas,siz öz tarapynyzdan geregini berjaý etdinizmi?Eger nämedir ýetişmese,siz oňy häzir berjaý etmaginiz mumkin,şonda siz özüniziň halas bolanynyza göz ýetirýanyz.

Hudaý siziň halas bolmagynyz uçin ikki zady etmaginizi soraýar:günälerinize toba etmek we Höşhabara ynanmagy.”Toba ediňler,Ynjyla iman getirinler!” Toba etmek—bu eden günälerden puşman bolup olardan ýüz öwürmek diymekdir.

Hudoga tabun bolman ýaşanynyzdan siz puşman bolýanyzmy?Hakykatdan hem siz günalerinizi galdyrjakmysynyz ýada siziň ýüreginizde sizi toba etmekden saklap duran bir näme barmy?Siz özünizi we haýatynyzy doly Hudaýa ynanyp tapşyrmaga we bundan soň diňe diňe Onuň islegini berjaý etmage taýynmysynyz.Ezizler şol ýerde siz bilen hoşlaşýas.Sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top