4:20

Ölüm haýat alyp gelýan gün

MP3

“Men size dogrusyny aýdýaryn, bugdaý dänesi ýere gaçyp ölmese, ýeke däne bolup galar, ýöne öläýse, köp hasyl berer. Bu dünýäde janyny söýýän ony ýitirýändir. Emma bu dünýäde kim janyny ýigrenýän bolsa, ony baky ýaşaýyş üçin saklaýandyr. Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar. Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn. Eý, Ata, adyňy şöhratlandyr!» Şonda gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym we ýene-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi. Ol ýerde duran mähelle muny eşidip: «Gök gürledi» diýdi”.Salam ezizler.

Ybadat mowzugyna bagyşlanan programamyza höş geldiniz.Rebbimiz Isa,Onuň ölümi Hudaýyň şöhratyny adamlara görkezişini bilerdi.We bu şohrata alyp barýan ýekeje ýol bolsa haçdy.Ewreýlere ýollanan hatyny okýan ekenik,ol ýerdäki bir aýata gözüniz duşjegi şübhesiz:” Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy. Siz aryp, ruhdan düşmez ýaly, Isa hakda pikir ediň. Ol günäliler tarapyndan köp ezýet çekip, hemmesine çydady. “(Ewreýlere 12).Edil Onuň haçdäky ölümi Hudaýyň beýik halas etmek maksatyny amala aşyrdy.Ýere gaçan däne olmaýnçe ol hasyl bermeýar.

Ýere gaçan däne ölmese ,ol ýanlyzlygynça ýatwerýar.Edil ölüm,täze haýat alyp gelip,oňy kopeltýar.Hezraty Isa ýerdaki şohraty ret edip,Özüni pes tutup,hemma gul boldy.Ýone,Onuň beýle tabunlygy,şohrata alyp geleni şübhesizdir.Biz hem ybadat edenimizde,näme uçin dünýa gelenimizi,Hudaýyň bize bolan maksaty amala aşmagyna unsimizi garatyp ybadat etmagimiz gerek.Biz hem ybadat edenimizde:”Hudaýym wagty-sagaty geldi!Bu dunýaniň synaglaryna mübtela bolup,şol günakär dünýadan lezzet alyp ýaşamak ornüna,Seniň eradaňy berjaý etmek wagty-sagaty geldi!diyip aýtmagymyz gerek.Hemmasiniň öz wagty-sagaty bar.Ýone bir gun,barymyz netije şykaryşymyz anyk.

Biz ýa bu dünýä hyzmat edýas,ýada Hudaý biz arkaly beýik işleri amala aşyrmagy uçin bil baglaýas.Saýlaw biziň elemizdedir.Bu ýalançy dünýa,özünuň wagtlaýyn şatlyklarymy ýada Hudaýyň ebediý halas etmegi we söýgisimi?Hezraty Isa aýdyşy ýaly adam ikki hojaýyna bir ýaly hyzmat edip bilmeýar.Şonuň ýaly,biz hem birdanikä hem dunýä hem Hudaýa bir ýaly hyzmat edip bilmeýas.Siziň saýlawyňyz nahilli bolýar?Ýada,ertirden şu hakda pikrlenip,täze haýatynyzy başlaýanyzmy?Menimçe iň dogry ýol bu bugun!Bugun hem baride dursun,edil şu wagt iň amatly wagt.Çunki ertirki gun hali berilmedik,bugunki gunni bolsa Hudaý size berip bolan.Purasty elden çykarmaň.Ezizler egerde siziň ybadat mätäçligi bolsa biziň saýtymyzdan peýdalanyp bize habar galdyryň.Biz siz uçin ybadat edýas.Adlarynyz efire iberilmeýar.Rebbimizň merhemeti barynyza ýar bolsun.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top