Ýagşydan ýagşy ýamandan ýaman niýet çykýar. Esasan ýagşylygynyz subuty uçin
hem iň oňat niýetler ediň,birinjiden agzynyzdan çykkan gepe perişdeler
oymin deýmegi rast.Ikkinçiden her niýetde ýurek oýanýar, göwün özüne ýazup
alýar,akyla isleg buýruk gidýar,seretseniz gylyk-häsiýetiniz
özgerýar.Belki hemme niýetine etse bu dunýanyň özünde jennet bolardy
diersiniz.Dogry eger diňe özüni söýýän adam biriniň bahtsyzlygy ustine tagt
gurmakçy bolsa “Altyn balyk” ertekidaki kempir ýaly “indi altyn balygyň
gelip hyzmatyňy etsin” diyen,bäş barmagyny agzyna salýamlar bolsa onuň
ýalylar niýetlerine ýetmeýarlar.
Olor tobasyny goýy etsinler.Perişdeler garaşyp durýan ekenler agzymyzdan
çykkanyna aymin diyip ibermekleri hiç gep däl ekeni.Bir mysal :bir gyz
boýdaşlaryna dinuwsyz degişýady:”şäheriň dar howlysynda ölüňler
gysylyp,men oba giň howla gelin bolýan,kopçilik bolup ýaşaýas,çörek
ýapyb,sygyr sagyp,hezil edip ýorjek”diyip aýdýady..Şonuň ýaly boldy.Ol oba
on çagaly bereketli maşgala gelin boldy.Kop sygyr sagyp,tandyrlar gurup
ömri toýlar bilen geçýar.
Emma hemme niýetler hem ýagşy bolmaýany ýaly ýaman niýetler hem amala aşyp
galanyny bilman galýas.Bir garyndaşymyz bar,ýaşlygynda oran görmegeý,ýone
gylygy tizdi.Ol “Men ýaş çagany ýaman gorýan”,diyen gepi kop gaýtalýady we
çagalary ýanyna ýakynlaşdyrmýady.Ol oran gowy adama gelin boldy,baý
ýaşady,ýone… Allah oňa perzent bermedi.Niýet- hatarly zat.Oňy göwüne
dugmekde oran ätiýaçly we seresap bolmak gerek.Mukaddes Kitapda “agzyňdan
çykan gepe sen uns bermesen hem Hudaý uns edýar”diyip ýazylan/Şonuň uçin
gepleýan geplerimizi oýlap geplemegimiz gerek.”Başda oýla soň geple” diyen
nakl hem biderek aýdylman. Çagalarymyzy hem hemişe ýagşy gepler bilen
söýmek gerek.Çagalaryň onunde olar hakynda näçe gowy niýetler
etseniz,olaryň geljegi şonuň ýaly oňat bolýar,hemişe çagalarynyz hakynda
ýagşy niýet ediň,hatta oňy – käýen wagtynyzda hem ol hakda asla ýaman gep
aýtmaň.Elinizden gelse,ýagşy gepler aýdyp goýuň.Eliňizden gelmese,ýaman gep
ulanmaň.Çunki sizde Hudaý beren häkimlik bar.Eger siz oňa degişli nahilli
gep ulansanyz,onuň özüňi alyp baryşy şoňa göra ösýar.Asla oňuň göwne
degmeň.”Sen hiç haçan adam bolmaýaň”,hemişe itiň izindaky aýagy bolup
ýrwerýaň”,”sen başarnyksyz we aňkaw,şu gidişiň bolsa hiç zada
etişmaýaň”diyan ýaly gepler olaryň geljegini baglap goýar.Ýokaryda aýdanym
ýaly bu sözler olaryň ýüreklerini herekete getirýar,galplaryna ýazylyp
galýar. Şoňa göra özleri hakynda pikr edýarler. ”Men hiç kim däl ekenim”, ”Men
hiç haçan ýagşy adam bolup bilmerin”, ”Hemişe işlerim yza gidýar” diyen
pikirler bilen ýaşaýar. Bu pikirler ony dolandyrýar. Diymek perzentleriniziň
geljekde nahilli ynsan bolmagy siziň geplerinizede bagly eken. Buny asla
unutmaň.