5:42

Musanyň bir güni

MP3

Salam gadrly aýal doganlar we uýalar.Mukaddes Kitapdan Müsrden çykyş kitapy halk bilen Hudaý ortasyndäky aragatnaşyklardan hem köpragini açyp berýar.Bugun esasan üns bermagimiz gerek bolan zat Musa paýgemberiň bir güni.Onuň nahilli geçenini başyndan gepläp bermegimiz gerek bolýar.Ýadynyzda bolsa,Musa paýgember 40 gün Hudaý bilen dagda galyp gidýar:Sonky güni Hudaý aşakda bolup geçenleri Musä beýan edýar. “Reb Musa şeýle diýdi: «Häziriň özünde aşak düş! Seniň Müsürden çykaran halkyň azgynçylyga ýüz urdy. Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine göleden but ýasap, oňa sežde etdiler. Oňa sadaka berip: „Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur“ diýişdiler». Reb Musa ýene-de: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm. Indi Meni ýeke goý, çünki Men gazap atyna atlanyp, olary ýok edip taşlaýyn we senden bir beýik millet döredeýin» diýdi.

Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň? Näme üçin müsürliler: „Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen alyp gaýdypdyr“ diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme. Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ysraýyly ýadyňa sal. Seniň Özüň olara: „Men siziň nesilleriňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin we nesilleriňize söz beren bu ähli ýeri size berjek. Olar ony müdimilik miras alarlar“ diýipdiň». Ol milki halkyň günasi uçin şepagat edi.Olar uçin Hudaýdan ýalbaryp sorady.

Soňra Musa eline äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, dagdan aşak gaýtdy. Bu ýasy daş bölekleriniň hersiniň iki tarapyna-da: öň tarapyna hem, arka tarapyna hem ýazylandy. Bu ýasy daşlar Hudaýyň işidi. Ýasy daşlaryň ýüzündäki oýulyp ýazylan ýazgylar Hudaýyň ýazgylarydy. Ol düşelgä ýakyn gelen badyna, göläni we tans edip ýören adamlary gördi. Musa gahar-gazaba münüp, elindäki ýasy daş böleklerini zyňyp goýberdi, olar dagyň eteginde çym-pytrak boldy. Musa olaryň ýasan gölesini alyp, otda eretdi, soň ony külkeläp, suwa gardy-da, ondan ysraýyllara içirdi.”Ine bir näçe sagatlar içinde onuň keýpi,duýgulary özgerdi.Şondan soň Musa adamlary ýygnap günaleri uçin toba etmage çagyrdy.Toba etmedikleri gylyçdan geçirmegi buýrdy.Gördünizmi bir gün içinde Musanyň haýatyndaky wakalar hem şolar ýardamynda onuň aragatnaşyklary hem özgerdi.

Şü gün Musa uçin ýagşy başlanandy.Hudaý oňy aşakdakylaryň günasi hakda aýdanynda işler ýamanlaşýan ýalydy.Ýone iň ýamany aşaga düşenden soň boldy.Günimiz ýaman geçsede,ýatyp dynç alsakindiki günimiz onkisinden ýagşyrak bolýar we hemişe şoňa umyt edýas.Emma Musanyň haýatynda indiki gün ýagşyrak bolmady.Ol indiki güni ýene daga Hudaýyň onüne çykyp halk uçin ýalbardy.Olar uçin şepagat etdi.Hudaý onuň ybadatyna jogap berdi,ýone haýştlaryny ret etdi

.Aýpdar adam bagyşlanmady,tersine edenine göra jezalandy.Soň bolsa Hudaý başga bu halk bilen bille barmazlygyny yglan etdi.Şü gün Musa uçin iň ýaman günlerden biri bolan bolsa gerek.Ahrym Hudaý olar bilen bille barmasa Musanyň özi bu ynanyp bolmaýan halk bien wada edilen ýere nadip barardy.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top