4:45

Mukkades Kitap

MP3

Salam doganlar. Bugunki Mukkades Kitap sapagyny bir aýat bilen başlasak.
«Şonuň üçin gurbanlyk sypasynda sadaka bermäge barýarkaň, doganyňyň senden
öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, sadakaňy sypanyň öňünde goý-da, gidip
öňürti doganyň bilen ýaraş. Soňra gelip, sadakaňy hödür et.(Matta 5:23). Ýa-
da indiki aýady eşidiň:” Hudaý bizi gazaba duçar bolmaga däl, eýsem
Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas bolmaga belledi.”(1-ji Salonik 5:9). Kä
wagt ýüregimize şeýle bir agry ýetirýarlar,bu gynanç haýatymyzy butinleý
ýzdan çykaryp iberýar. Özümizi dil ýetirilen ýaly duýup ýa gaty gaharly
bolýas,ýa-da tersine hemme zada biperwaý sowuk-sala bolup galýas.Yone name
bolondada biziň göwnümize degen adamy bagyşlamak ,içimizde oňa degişli
nägilelik, ýigrenç saklamaklyk hakynda oýlap gormagi halamaýas. Käwagt
bolsa bagyşlamak nadogry ýaly adalatsyz ýaly duýlýar.

Bir oglonjyk elinde taýak bilen oba arkasyndaky ýerde oýnap ýor. Otlar
arasynda adam süňki galyndylary gorunýar.Bu öldirilen adamlar sünkleri.Oba
bastyryp gelen goşunlar partizanlara baglanyşykly diyip şübhe edenleriniň
barysyny atyp taşlan.Oglonyň goz onunde taýak bu pulemet.Ol uçin bu
häzirçenli oýun.Ulalanda bolsa atasyny öldirenlerden öç almagy gerek.Indi
ol maşgalanyň ýeke goragçysy.Ikkinji jahan söweşi gutaranyna kop ýyllar
geçenine garamasdan Asiýa tikenzarlary harby lagerlarynda ýesirlikde
bolan öňki ýesirler entegem adalatny dikeltmek makstynda giň hereketler
geçirip durýarlar.Olor oz başyndan geçirenlerini , rehimsiz azap çekenleri
hakynda gepleb berýarlar.. “Ähtimal,dünýa bu görgini ýatdan çykaryp
iberer..” diydi olordon biri,emma men olary hiç haçan geçirip bilmerin”

Käwagt ýakyn söýan kişiň gaty göwnüne degip goýar.Bir aýal adamysynyň
göwnüne degen işdeşinen kop wgtaçenli gowüni galyp “Meni öýkeleten kişini
bagyşlamagym kyn däl,—yone adamymyň göwnüne degeni bagyşamaga hakkym ýok
diyip bilýan”diydi.Gundaki haýatymyzda düşuşyp durýan az ähmiýetli öýke,
uçin biz başgalary aňsat bagyşlaýas we oz nobatynda bizi hem
bagyşlaýarlar.Meselen birden aýagyňyzy basyp goýsam,siz “Zeleli ýok!”-
diýanyz.Kimdir butin topar işini togtatyp goýmaly bolan hata etse bir
ýylgyrýasda işi dowam ettirýas. Duýduryşden oýkeleb torsarylanymy goren
dostym derrew gynanany aýdyp bagyşlaýyşymy sorýar. Şol bada özüme
gelýan.Biz bagyşlaýas bizi hem bagyşlaýarlar.Yone aňsatlyga ýatdan çykarmak
bolan agyr gowüngalmalary näme edýas?Bunun ýaly ýagdaýlarda bagyşlaýyşymyz
gerekmi?

Bu soraga jogap tapan kişiler bar.Soraga jogap tapanlar bagyşlaýyş we
bagyşlanmagy çyndan başyndan geçirenler we bagyşlamak näçe möhüm ekenini
gowy bilýarlar.”Bagyşla we sen hem bagyşlanarsyň”diydi Mukkades Kitap.Eger
Mukkades Kitapda ýazylanlary hakykat ekenini özünuzde synap görmegi
isleseniz,Hudaýyň emrine amal edip ýüreginizie azap berip daş ýaly batyp
duran hasratly oýkeni unutyň.Ynanyň bundan iň kop peýda goren kişi özüniz
bolýanyz.Çunki içinizdaki gazap bilen ýaşamak bizi Hudaýyň bize eden
niýetleri we maksatlarydan daşlaştyrýar. Özünizi ýeňil düýup haýatdan
şatlanmaga başlýanyz. Gözuniz we ýüreginiz durlanan ýaly bolýar. Buny buguniň
özünde sýnlap goruň. Kyn ýaly bolmagy mumkin,yone hereket etmagi dowam
ediň. Hudaý siz bilen.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top