4:51

Mukaddes Ruha daýnyp

MP3

Salam ezizler.Bugun 1 Korintoslylara hatynyň 2 bapyny görup çykýan ekenik Hudaýyň maksaty we harakteri hakda ýeterli maglumatlara eýe bolýas.” Eý, doganlar, men size Hudaý baradaky şaýatlygy yglan etmäge baranymda, dilewarlyk ýa söz danalygy bilen barmandym. Men siziň araňyzdakam, IsaMesihden we Onuň haça çüýlenmeginden başga ähli zady unutmagy ýüregime düwüpdim. Men ýanyňyza baranymda ejizdim, gorkudan ýaňa galpyldaýardym. Men wagyz edenimde sizi ynandyrmak üçin paýhasly sözleri ulanmadym. Sizi ynandyran zat Hudaýyň Ruhunyň aýan bolan güýjüdi. Bu siziň imanyňyzyň ynsan paýhasyna däl-de, Hudaýyň güýjüne daýanmagy üçindi.

Hawa, biz danalygy kämilleriň arasynda wagyz edýäris. Biziň wagyz edýän danalygymyz bu eýýamyň ýa-da dünýädäki wagtlaýyn, soňy puç bolýan ygtyýarlylaryň danalygy däldir. Biz Hudaýyň syrly, ýaşyryn saklanylan danalygyny sözleýäris. Hudaý bu danalygy biziň hem Onuň şöhratyna şärik bolmagymyz üçin, ony dünýä ýaradylmazdan öň niýetläpdi

Hudaýyň halas etmek maksaty howlukmaç ýa öýlanmasdan edilmedi.Onda dünýanyň ýaradylyşyndan oň bar bolan Hudaýyň danalygy serpigip gelýän, we Onuň wagtyny Hudaý meýileşdiren.Baş ruhanyý butin halk uçin Isany ölüme berdi.Pilat Isä syýasy ýol bilen höküm çykardy.Isany gurban bolmagyna Hudaý mumkinçilik döretip berdi.Hudaý Özünuň danalygy bilen,Özüni söýänler uçin taýyarlan işini amala aşyrmak uçin,bu dünaýnyň danalygyny ulandy.Soňky aýatlarynda bolsa Hudaý bize Mukaddes Ruhyň işini ýatlatýar.” Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir. Ynsanyň pikirlerini onuň içindäki öz ruhundan başga hiç kim bilmeýär. Hudaý babatda hem şeýle: Onuň Öz Ruhundan başga hiç kim Hudaýyň pikirlerini bilýän däldir.”

“Biz bu dünýäniň ruhuny alan däldiris. Biz Hudaýyň Öz merhemeti arkaly bize eçilenlerine düşünerimiz ýaly, Hudaýyň Ruhuny alandyrys. Biz bulary ynsan danalygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, Mukaddes Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys. Biz ruhy hakykaty ruhy sözler bilen düşündirýäris. Mukaddes Ruha eýermeýän ynsan Hudaýyň Ruhundan bolan zatlara düşünmeýär. Ol bulary akmaklyk saýýar. Çünki Mukaddes Ruhuň pikirlerine diňe Oňa eýerýänler düşünýändirler. Mukaddes Ruha eýerýän adam hemme zada baha berip bilýär, emma başgalar bu adama baha bererden ejizdir.”Resullerden Pawlus Korinfdaky imanlylara,diňe haça çüýlenen Isa Mesihy tanap bilmeklerini isleýar.Olar Pawlusyň manyly çykyşlaryny hemmeler bilen bille tankyt edenler.Pawlus özüne adamlary çekmeslik uçin,pikrini owodon sözler bilen wagz etmän,tersine olaryň pikrini diňe höşhabara çekmagi islan.Geliň Pawlusyň ýüregi hakda biräz pikr ýöridaliň,ol özi hakda oýlaman,masihiýlaryň ýüreginde Isa haçynyň şöhraty bolmagyny islan.

Resullerden Pawlus Korinf şäherindäki masihiýlere hat ýollaýan eken,ol olaryň ruhyý ýagdaýna üns edip şeýle diydi:” Eý, doganlar, men siziň bilen Mukaddes Ruhdan dolan ynsanlar hökmünde gürleşip bilmedim. Men size bu dünýäniň ynsanlaryna, Mesihe ýaňy-ýakynda iman eden ynsanlara gürrüň beren ýaly gürrüň berdim. Size gaty-guty bermedim, süýt berdim. Sebäbi siz gaty-gutyny iýmäge heniz taýyn däldiňiz. Şindi hem taýyn dälsiňiz. “ Olaryň özgermagi gerekdigini özleriniň haýatyndaky mysallar bilen düşündirip berdi.” Bu dünýä heniz-de size öz täsirini ýetirýär, sebäbi araňyzda göriplik, dawa-jenjel bar. Eýsem bular siziň dünýä degişlidigiňizi aňlatmaýarmy? Siz dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi näme? “Hudaý bizi insanyý häsiýetimize ýada eden işlerimize seredip däl-de,belki biziň imanymyz we tabunlygymyza seredip höküm edýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top