3:36

Mukaddes Kitap

MP3

Salam eziz moştaklar,siz bilen ýene mowzuklarymyz arkaly sag aman duşuşup duranymyzdan begenýaris.Ezizler Mukaddes Kitap 66 kitapdan ybarat bolup,ikki bölegä bölunen Köne Äht we Täze Äht.

Mukaddes Kitap ýüz ýyllar dowamynda ikki tilde ýazylan- gadymky ewreý we grek dillerinde .Hudaýyň kop erkek kişileri onuň ýazyýjysy bolan.Ýone olar öz pikrlerini däl,belki Mukaddes Ruh buýranyny beýan edenler.

Olar ondan ylhamlandylar.Petrus:” Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.”diyip aýdýar 2 Petrus kitapynyň 1 bap 21 aýatynda.

Her bir Mesihe ynanýan kişi her gun Mukaddes Kitapy okamagy we ybadat etmagi uçin wagt tapmagy gerek,çunki bu-ruhy berkitmekdir.Ýone beýle okamak Hudaýyň Sözüni öwrenmagiň yzygiderligini çalmaştyryp goýmaslyk gerek.

Mukaddes Kitapyň esasýy maksaty haýty özgertmekdir.Siz öwrenýan zat pikrinizi we hereketlerinizi özgertýar.Mukaddes Ruh diňe tapgyrlyk işler uçin ruhyý we paýhasly edip taýarlamakdir.

Siziň wezipeniz Mukaddes Kitap hakdaky hakykaty düşünip,ony haýatda amala aşyrmakdan ybarat.Ýazgylaryň maksatyny we Ýazgylaryň Hudaýdan ylhamlananyny yglan ediýji ajaýyp setirler bu 2 Timotiusyň 3 bap 16 we 17 aýatlarydir.

Şol baplary elbettde okap çykyň.” Mukaddes Ýazgylaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy. Olar öwretmek, günä edýänleri paş etmek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr. Şeýdip, Hudaýyň adamy haýyr işleriň ählisine taýýar we kämil bolar.”.Diňe Hudaýyň Sözüni öwrenmek siz uçin buny amala aşyrýar.

Yhlaslylyk bilen öwrenmek akyly düzgüne salmak, delilleri çuňňur görup çykmak we olaryň ustinde çuňňur pikrlemek ýaly anhyklanýar.Deliller ustinde pikrlep siz käbir netijelere gelýanyz we ol ýada bul karary kabul edýanyz.

Haçan bu kararlar siziň haýatynyzyň bir bölegi bolsa,ol ullakan derejede Mukaddes Ýazgylar ugryna esaslanan bolýar we siz resullerden Pawlus näme çagyran bolsa,şony berjaý eden bolýanyz.

Diňe Mukaddes Kitap size haýat hakdaky soraglarynyza jogap berip bilýar.Öz erkine taşlap goýulan adam nahilli ýaşamak we nahilli ölmek gerekdigini bilmeýar.Onuň özüňi alyp baryşy — özüňi söýüjiligi we açgözlik bilen dolandir.Onuň kysmaty görgi we umutsyzlykdir.

Hudaý Sözunuö gelmagi ýagtylyk alyp gelýar.Hudaý kanunlary parahatçylyga we kanagatlanmaga alyp gelýar.Hudaýyň Sözi,haýatymyzyň ýollaryny bellap berýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top