5:22

Haýyrly işler

MP3

Salam gadrly doganlar.Insan edýan amallary bilen gözel diyen bolardym ýone onuň galby gözel bolmasa,eden amaly oňa ýardam berermyka? Gysgasy,duýup duranynyz ýaly bugünki söhbetimiz haýrly işler hakda bolýar.Haýrly iş edeniň nämesi ýaman diýersiniz? Elbettde ýaman däl.Tersine bu ýagşy.Ýone haýrly işiň gözbaşy dogry we päk bolmagy gerek.Eger haýatynyza uns edip seretseniz her bir edýan işinizi etmage itgi berýan sebäbi bar.Edil şu sebäb nahilli bolmagy gerekdigini bugün görüp çykýas.Ikki adam ähyret hakda söhbetleşip galsalar biri eden haýrly işleri sebäbli jennede barjagyny aýdyptir.Ikkinjisi bolsa,men Rebbim Isa Mesih meniň günälerim uçin bireýäm toleg tölänine we meni haçda halas edenine ynanýan,şonuň uçin elbettde olenson Hudaý bilen bille bolýan diyiptir.Olaryň haýsy biri dogry ýoldan barýar?

Geliň.iň başda haýrly işlere üns edaýliň.Insan bu dünýä geliptir welin ýamanlyk bilen,günä bilen göreşýar,emma isleýasmy ýokmy güna edýas. Çunki biz günakär tebigat bilen dogulandiris.Bu günakär tebigaty diňe Hudaý ýeňip bilýar.Günakär tebigatly insan muny ýeňmagi,özgertmagi we tazelamagi başarmaýar.Güna üstinden butin dünýä taryhyda diňe bir Isa Mesih — üstün çykan.Ol günasiz bolup durup,bir gezek hemmaniň günasi uçin haçda azap çekdi we günä tölegini töledi.Indi bolsa Hudaý Oňy men uçin häça iberdi,Ol meniň günalerim uçin töleg töledi diyip ynanan her bir adamyň günaleri bagyşlanýar we Hudaý wada edişi ýaly täze haýata eýe bolýar.Beýle adamyň ruhy täzelenýar.Bundan sonky haýatynda Mukaddes Ruh oňa ýolbaşçylyk edýar.Ine şeýle ýagdaýda insan günani Hudaýyň ýardamy we ýolbaşçylygynda ýeňip bilýar.

Beýle adam ölümden haýata geçeni uçin höküm edilmeýar.Mesihyň gany oňy aklady.Hudaý ony päk we dogryçyl diyip yglan etdi.Indi Hudaýyň huzury we jennet derwezesi onuň uçin açyk.Ýone insan öz guýji we ýagşy işleri bilen beýle edip bilmeýar.Jennede ýetişip bilmeýar.Kopçilik eger ähyretde haýrly işlerim ýamanlyklrymdan kop çyksa,meni jennede alýarlar diyip oýlaýarlar.Birinjiden insanyň haýatynda eden diňe bir günä hem Hudaý uçin ýigrenji we bu uçin insan töleg tölemegi gerek.Ikkinjiden insanyň eden haýrly işleri hem Hudaýyň nazarynda ýyirençdir.Çunki günakär tebigatyň eden ýagşylygy nahilli hem bolýar.Bundan başga,Hudaý gadymky paýgemberler arkaly şeýle diyen:”….Ýagşy işlerimiziň barysy aýbaşy esgisi ýalydir.” Biziň eden haýrly işlerimiz hem günalerimizi ýeňmek uçin ýeterli däl.Beýle bolsa näme edýas?

Mukaddes Kitapda şeýle ýazylan,”Biz ,insan kanun talaplaryny berjaý edeni bilen dälde,belki iman arkaly aklanýany nygtaýaris”.Ýene “Ahrym siz Hudaýdan merhemet tapyp iman arkaly aklanansynyz.Bu Hudaýyň sylagydir,siziň ýeňişiniz däl.Ýene hiç kim:”Men sogap işlerim sebabli aklandym diyip magtanmasyn.Ahrym biz Hudaý tarapdan döretilendiris.Hudaý bizi haýrly işler etmegimiz uçin Isa Mesih arkaly ýaratdy,bu işleri biz uçin ozoldan taýýarlap goýandy.”diyip ýazylan.Diymek eger siz diňe jennede girmekumytynda ýagşylyk edýan bolsanyz,bu sizi halas etmeýar.Ýone Isa Mesihe bolan imannynyz sebäbli,Mukaddes Ruhyň ýolbaşçylygynda haýrly işler edýan bolsanyz,onda bu siziň takdyrynyz.Çunki ýokarda aýdylany ýaly Hudaý bizi haýrly işler etmek uçin ýaratdy we bu işleri biz uçin ozoldan taýýarlap goýan.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top