4:16

Mukaddes Kitaby Öwrenýas.

MP3

Korintoslara 2 hatynyň 8 bap 9 aýatynda şeýle ýazylan aýady okäýas:”Çunki
siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz.Ol baý bolsa-da,siziň
hatyraňyz uçin garyp boldy.”. Öz mukaddesliginde,gökde bozulmaýan
bagtlylyk we rähetda bolup Mesih baýdy.Bu dünýä bäbek ýgdaýda gelip Ol
garyplaşdy.Ol kiçigöwünli ýaşady we hatta baş goýmaga ýeri hem yokdy.Bu hem
eterliksiz ýaly Ol Golgotada ýekelikde we masgaraçylykda öldi. Biz
ebediý haýat baýlyklarynyň bereketini tapmagymyz we gökde öýe eýe
bolmagymyz uçin Ol biz uçin elinden gelen hemme işleri etdi.

Şeýle Korintoslara 2 hatynyň 5 bap 21 aýatynda bize degişli şeýle
diyilen:”Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly,Ol biziň
günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstine ýükledi.” Näme uçin Hudaý
biziň günälerimizi Rebbimiz Isa Mesihe ýüklänini biz düşunip bilmýas.Buny
düşunmek uçin biziň aklymyz etmeýar,ahrym Halasgär günäsiz bolup bizleri
Hudaýyň göz önünde päk bolmagymyz uçin aýpymyzy öz boýnuna alyp
günalerimiz uçin jezalandy. Soň resullerden Petrus edil şol hakykaty
bellep geçen :”Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek uçin biziň günälerimi
sebäpli bir gezek öldi.Özi dogry bolsa-da,günäkärler uçin öldi.Ynsan ýaly
öldürilse-de,Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.”Şol aýaty Mukaddes Kitabyň
birinji Petrus hatynyň 3 bap 18 aýatynda okamagymyz mumkin. Bu eýrde
Hälaskärniň günäler uççin azap çekani hakynda aýdylýar.Yone Ol Öz günäleri
uçin ölen diyip öýlamaslyk uçin resullerden Petrus şol eýriň özünde “özi
dogry bolsa-da günäkärler uçin öldi”,diyip göşup goýan. Başgalar uçin azap
çekip,Öl päklik yoluny açyp bildi we ynsanlary Hudaýyň huzuruna alyp
geldi.Bunuň ýaly edip Ol Öz bedenini ölüme sezawar etdi,yone Mukaddes Ruh
bolup öliklikden direldi.
Rebbimiz Isanyň haçdaky gurbanlygy bilen Ol diňe günäkärler uçin ölmän
olaryň halas bolmagy uçin hyzmatyňy doly ýerine etirenini düzşunmek öräň
möhümdyr.Mukaddes Kitabyň köplanç aýatlary bu ajaýyp hakykat hakynda
şaýatlyk berýar.Meselen : ”Özüme tabşyran işiňi berjaý etmek bilen Men Seni
ýer ýüzünde şohratlandyrdym”-diyip ýazýar Yohanna höşhabarynyň 17 bap 4
aýatynda.Bundan başga “Emma Mesih günäleri hemişelik ýuwýan ýeke-täk
gurbanlygy hödürländen soň,Hudaýyň sagynda oturdy.”-diýan aýady hen
Ýewreýlere ýazylan hatyň 10 bap 12 aýatynda ökamagymyz mumkin.Hormatly
radio diňleji moştaklar we radio diňlejiler.
Ol ýagny Rebbimiz Isa Mesih Golgotada amäla aşyran işleri hakynda bir
azajyk wagt bolsa-da öýlap görüň.Şol Galgotada bolup geçän elhenç wakanyň
sebäpçileri aslynda biz. Biz heläk bolmaslygymyz uçin Rebbimiz bizleriň
ýerimize şol ýere bardy. Şol arkaly Kanunnyň hemme talaplary
kanagatlandyrylandy.Kanun bütinleý boýsynmagy ýa-da ölim bilen jezalanmagy
talap eden. Günäkärlerden hiç biri Kanunňy berjaý edip bilmedi,şonuň uçin
olaryň hemmesi ölüme sezawardy.Hälaskär olar ornüna jeza aldy.Biz bolsa şol
ölüm arkaly ýaşaýyşa eýe bolduk.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top