3:05

Mesih we ybadat

MP3

Salam eziz doganlar,siz bilen sag aman duşuşup düranymyz uçin Hudaýa şükürler aýdýas.Ezizler Hudaýyň Ýekkeje Ogly-Isa Mesih uçinAtasy bilen ýekelikde anyk we uzak wagty geçirmek oran möhümdy.

Ondan görä işi koprak biri barmy?Ol irden gijaçenli adamlara gepleýady,olara şypa berýady,olar bilen aýratyn söhbetleşýady,bu şäherden ol şähere barardy we şägirlerine taglym berýady.

Şonuň ýaly bolsada Hudaý bilen tenha galmagy möhüm hasaplap,bunuň uçin wagt aýrýady!Geçen ýyllar dowamynda Hudaý uçhin uly işler eden Hudaýyň saýlanlary tarapynan ýazylan terjimehallar we eserler yhlaslylyk bilen asuda wagt geçirmek näçe möhümdygy hakda şaýatlyk berýar.

Hudaý uçin dünýany sandyratan we Metodist Jemagatyna esas goýan Jon Uesli tä şonuň ýaly başga beýik ruhyý ýolbaşçy namynasydir.Ol ybadaty hemme zatdan görä möhümrak iş diyip hasaplýady.

Çaga fizik taýdan ýgşy ösmegi uçin nahar iymegi gerek bolany ýaly,biziň hem ruhyý ösmegimiz uçin iýmit gerek.Eger biz bir gezek naharlanmasak hiç hilli kesellik duýmagymyz mumkin,ýone bir hepe dowamynda naharlanmasak fizik taýdan guýçsizlenip başlaýas.

Ruhyý haýatda hem tä şonuň ýalydir.Hudaýyň Sözüni öwrenmek we ybadatda bolmak ruhyý ösmek uçin oran möhüm.Bir gunni Hudaýyň Sözüni okamasdan geçirip we ybadat etmesden geçirip,haýatymyzda bir görunerli netijeni duýmaslygymyz munkin,ýone biz şonuň ýaly ýagdaýda dowam ettirwersek ýeňşe alyp barýan imanly haýat geçirmagimiz uçin kuwwat alyp bilmeýas.

Masihyý haýaty söweş meýdanyndaky esgere deňeşdirmek mumkin.Ol onki hatarlarda dur,ýone ony dolandyryp duran serkerde bilen radio arkaly baglanan.Esger özi duş gelýan ýaňlyşlar we meseleler hakda aýdyp durýar,ýokarydan butin söweş meýdanyny görup duran serkerde bolsa ona — görkezme berip dolandyryp durýar.

Biziň haýat söweşimizi dolandyrýan Zat Gökdäki Atamizdir.Biz basmagymyz gerek bolan gadamlary Ol bilýar.Biz bolsa Ol bilen bille bolmagymyz uçin wagt aýrmagymyz gerek.Ruhyý haýtda ösmek maksadynda Rebbimiz Isa Mesih bilen ýakyn aragatnaşygy ýola goýmak uçin edilýan her gunki asuda wagt sejde we pikr ýöretmek uçin her birimiziň öz maksatlarymyz bolmagy gerek.

Şonuň bilen eziz doganlar bugunki mowzugymyz öz sonüna ýetdi.Ezizler ýenede programmamyz arkaly duşuşýinçenli hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top