4:05

Mesih jemagatynyň taryhy

MP3

Salam eziz doganlar,siz eziz dostlarymyz bilen sag aman düşuşup duranymyzdan oran oran begenýaris.Ezizler,ikkiýuz ikkinji ýylda imperator Septemiý Sewer masihiýlere garşy kowmalary alyp barýar.

Bu gyrma demirgazyk Afrikanyň Korfagen şäherinde in ýokary derejä çykdy.Çunki Rim imperiýasynyň bu şäherinde masihiýlyk joşgunlyk bilen ösüp barýady.Beýle ösmek häkimiýetdagileri howsala salyp goýupty.

Rim imperatorynyň karary bolsa edil maksata göra boldy.Karardan soň şäherde masihiýleri gýnaga salyp öldürme başlanyp gitdi.Olaryň arasynda täze imana gelenleri okutýan Satir adly kişi tussaga düşdi.

Ol täze imana gelenleri okatýan wagtynda ele alynýar we şol ýerdäki imanlylary hem bille alyp gidýärler.Olaryň arasynda ýigirme ikki ýaşly Perpettua ýaş çagasy bilen we onuň hyzmatkäri göwreli Felisitata bardy.

Perpettuanyň äri hakda ýazylmany uçin taryhçylar:ýa ölen ýada imany uçin taşlap giden diyip takmyn edýarler.Perpettua şäheriň göze görünen,abraýly baý adamynyň ýekeje gyzy bolup,jenaýatçy ýaly tussaga duşeni atasynyň gazapyny getirýar.

Atasy gyzynyň onüne baryp imandan boýun gaçyrmagyny ýalbaryp soranynda gyzy ret jogabyny berýar.Gazaplanan ata gyzynyň imanda berkdigini görüp,hiç hilli ýardam berip bilmezligini düşunip yzyna gury gaýtmaga mejbur boldy.

Öldürilmek wagty ýakynlaşýany Perpettua maşgalasyny howsala salyp goýdy.Gyzyny ölümden gutkaryp galmaga umyt edip atasy ýene tussaghana gelýar.Atasy gyzyna ýalbaryp:

“Gyzym,biziň günlerimizi gysgartma,maşgalaňy oýla,eger sen bilen bir zat bolsa,biz özümizi hiç haçan bagyşlap bilmeris.”diýar.Ýone Perpettua:”Ata,bu dünýade hemme zat Hudaý takdyr edeni ýaly bolýar.Biz haýatymyzy Hudaýyň eradasy boýunça ýaşap geçirýanymyzy bilýan.”diyip jogap berýar.

Ertesi gün atasy gyzyny ýabany haýwanlara idiriljegini eşideninde,gyzyny guýç bilen gutgarmakçy bolýar we beýle gahymançylygy uçin häkimiýet garry kişini gamçylamagy buýrýar.

Bu oran gýnançly wakady.Perpettua :” Men atamyň takdyry uçin agladym,bu gamçy urgulary göýä meniň bedenime degýan ýalydy.”diyip ýazýar.Deňlew sorag=jogaplary gutarandan soň tussagdakylary öldirilýan güneçenli oýlap görmekleri uçin wagt berildi.

Bu wagt öz ölümi onunden tusagdaky imanlylar bille ýygnanyp ybadat we akşamlyk geçirip töweregindaki insanlara Isa Mesih hakda şaýatlyk berýadiler,diyip ýazýar Rut Taker. Höş sag aman boluň,eziz doganlar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top