MP3

Salam. Mukaddes Kitapdaky ýene bir şahsyň haýaty, biziň haýatymyz
dowamynda özümizi nahilli tutmagymyz gerekdigini,Hudaýa tabyn bolonymyzda
we bolmanymyzda Hudaýyň bize bolan gatnaşygyny görkezýar.Bu gahryman aýal
bolanyna seretmesden her bir ymanlya nahilli ýaşaýýyş gerekdigini öwretip
bilýar. Bugun haýtyndan nusga almagymyz mumkin bolan şahs bu-Musanyň aýal
dogany Merýem. Ol lewi öwlatyndan bolan Imram we Ýohadawyň gyzydy.Olaryň
maşgalasynda ogul döguldy.Bu ogul dogulanynda Faraon ýahydiýlaryň dogulan
ogul çagalaryny öldirmegi buýran.Şonuň ýaly bolsa hem,bu maşgala yman bilen
çagany uç aý ýaşyryp ýurdiler.Bundan köp ýaşyryp bolmaslygyna gözi etenson
çagany ejesi bilen dogany sebete salyp suwa akyzdylar.

Çaganyň aýal dogany Merýemdi.Çaga bolsa Musady.Merýem inisi Musanyň
haýaty nahilli geçeniniň şaýaty bolan,onuň diri galmagyndaky Hudaýyň
makstyna ol hem dogrudan-dogry goşulandy.Hudaý Musany saklap galmak uçin
aýal dogany Merýemni işletdi.Ejesi öýe gidenden soň hem Merýem Hudaýyň
islegi bilen gyzykmagy ýokary çykyp,”Onuň ykbaly näme bolorka”diyip daşdan
seretip durdy.Ol inisini gowy gorýanyny onuň işlerinden , batyrlygyndan
bilse bolýar. Faraonyň gyzy çagany tapyp alanynda,hiç gorkmasdan onuň onüne
baryp:”Baryp ewreý aýallaryndan birini çagyryp geleýinmi?Ol enekelik edip
çagany bakyp bererdi”-diydi. Ol batyr bolyşy bilen bille hem danady.Hudaý
oňa batyrgaýlyk we danalyk berendi.Ol baryp öz ejesini inisine gözlemek
uçin alyp bardy.Bu oran ajaýyp işdi.
Merýem kiçi boluşuna seretmesden Hudaýyň maksatyndan gyşarnyksyz hereket
etdi.Musanyň köşige alynanyndan tä gaýtyp gelip halkyny halas eden
waktynaçenli Merýem hakynda hiç zat diyilman.Hudaý olary Gyzyl deňizden sag-
aman alyp geçenson halk we Musa Hudaýa öwgiler aýtdylar.Tä şol ýerde
Mukaddes Kitap Merýemni paýgember diyip atlandyrýar. Bu hakda diňe bir
ýerde ýazylan.Geliň şol ýerini Mukaddes Kitabdan okýas:” « Soňra Harunyň
aýal dogany Merýempygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem
depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.
Merýem olara şu aýdymy aýtdy:
«Rebbe nagma aýdyň.
Ol şöhratly ýeňiş gazandy.
Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy».(Müsurden çykyş15:20-21)/
Hudaý olaryň haýatynda täsinlikler görkezende Hudaýya nagma aýdan Merýem kä
wagt özi bilman ýagdaýda ynsanyý aňyňa daýanan ýagdaýda güna eden wagtlary
hem bolan.Biz hem kä wagtlar bilip-bilman güna edýas we azap çekýas.Merýem
nahilli nädogry iş edipti? Merýem bilen Harun Musanyň efiopiýaly aýala
öýlenendigi üçin ýazgardylar we ikkisi hem Musa garşy geplediler:”Olar:
«Reb diňe bir Musa bilen gepleşmän, biziň bilenem gepleşdi ahyryn»
diýdiler. Reb olaryň bu diýenlerini eşitdi we olardan gaty gazaplandy.Soň
bolsa Merýemni deri kesel edip goýdy.Merýem piç açdy we edi gun
ýerleşýän ýerinden daşlaştyryldy.Edi günden soň piç açanlary gaýtyp gitdi.
Eden günaleri uçin şermende bolup ýerleşýän ýerinden daşda gezdi.Hudaý
onuň eden günasini ine şeýle jezalady.Bu jeza oňa oran gowy sapak bolanyna
şübhe ýok.Biz hem onuň haýatyndan mysal alyp Hudaýa tabunsyzlykdan
saklanaýylyň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top