3:46

Masihyý aýal nahilli bolmagy gerek

MP3

Aýal. Hudaý aýaly gözel we ajaýyp edip ýaradan. Ol her bir aýala gözelligi
bagş eden.Ol erkekden butinleý tapawutlanýar. Ol erkek jynsyýetiniň
butinleý garamagarşysy edip ýaradylan. Onuň arzuw-islegleri hem
erkeklernikiden parhlanýar.

Aýallar elbettde erkeklerden parh eden ýagdaýda gözel ýaradylan.Olar hamişe
daşky gözelliklerine uns bermagi ýaratýarlar.Hudaý beren gözelligiden hem
gözel bolmagy islemeýan aýal tapylmassa gerek. Emma Mukaddes Kitap aýallara
bu hakda näme diýar:”Siziň gözelligiňiz örülen saçlar,daklan
altynlar,owodan eşikler ýaly daşky görünuşden ybarat bolmasyn.Tersine
kalbyňyzdaky ýuwaş hem ýmşak ruh siziň solmaýan içki gözelligiňiz bolsun.
Bu Hudaýyň nazarynda has gymmatlydyr.” Diýmek masihýy aýallar diňe daşky
gözelligine däl içki gözelligi hakynda hem öýlamaklary şert. Çunki bu
Hudaýyň onunde gadrly eken.Eger olar şeýle gözellige eýe bolsalar Hudaýi
razy eden bolýarlar.
Mukaddes Kitabda şo hakda ýene şonuň ýaly aýat bar:”Aýallar hem saçlaryny
gereginden artyk owodanlamasynlar,özlerini tylla we merjen şaaý-
sepleri,gymmatbaha eginbaşlary bilen bezenmesinler.Tersine sada
geýinip,asyllyk we haýa bilen öz ýagşy işlerine beslensinler.Hudaýyň
ýorelgelerine eýerýändiklerini ykrar edýan aýallara şeýle etmek
ýaraşýandyr”
Dunýawýy aýallar hem ärlerine boýun egmek gerekdigini bilýarlar.We şonuň
ýaly edýarler hem.Emma masihiý aýallar hiç hilli gep sözsiz ärlerine
boýsunmagy şert.Çunki Hudaý olardan şony talap edýar..”Emma şuňa hem aýdyň
düşünmegiňizi isleýärin:her erkegiň başy Mesihdir,aýalyň başy
erkekdir,Mesihiň başy Hudaýdyr”. Mukaddes Kitabdaky her bir mukaddes aýal
ärine şeýle tabun bolan:” Öňki wagtlarda Hudaýa umyt baglap,ýüreklerini
päk saklan aýallar hem özlerini şeýle bezýardiler,olar ärine tabyndylar”.

Aýallar gýbatçy bolýar diýerler. Emma hiç hilli gýbat etmaýan diýan aýal
hem gyýbat edip goýanyny bilmen galýar. Çunki şeýtan aýallaryň harakteriden
peýdalanyp oňy şonuň ýaly günä başlaýar. Emma masihyý aýallar indi günä
garşysynda öli ekenlerini ýadtdan çykarmaly däl.Hudaýyň gudreti bilen
şaýtaňyň hilelerine garşy dürup bilýas.1 Tumotius 3 bap 11 aýatynda:”Şonuň
ýaly ýygnagyň hyzmatçy aýallary hem hormatlanýan,gybat
etmeýän,tersine,özlerine erk edýan we her zada ynamdar bolmalydyr.”

Mukaddes Kitabda masihyý aýallarnyň nahilli boluşy gerekdigi anyk
ýazylan. Eger çyn ýürekden Hudaýy razy etmägi isleseňiz Mukaddes Ruh size
kömek edýar. Hudaý siz bilen bille bolsun.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top