Salam eziz radio diňleýjiler.Ybadata bagyşlanan programamyza hoş geldiňiz.Ezizler siz halas edildinizmi? Siz hem Rebimiz Isa Mesihe haýatynyzy tapşyrdyňyzmy?Onuň ýaly bolsa,siz uçin oran begenýas.Çunki siz indi güna häkimiýetinden azatsynyz.Siz indi Rebbimiz Mesihde azatsynyz .Mesihdaki azatlygyň özi näme?Geliň buny bilmek uçin,resulliň Korintoslylara iberen birinji hatynyň 10 bapyny görup çyksak. Siz: «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne hemme zat abatlaýan däldir. Her kes öz bähbidini däl-de, başgalaryň bähbidini arasyn. Et bazarynda satylýan her eti iýip bilersiňiz. Anygyna ýetjek bolup, ynsabyňyzy horlamaň. Çünki «Ýer we ondaky zatlar Rebbiňkidir».
Eger iman etmedikleriň biri sizi nahara çagyrsa, siz-de gitmek isleseňiz, öňüňizde goýlan zatlary arkaýyn iýiberiň. Anygyna ýetjek bolup, ynsabyňyzy horlamaň. Emma kimdir biri size: «Bu butlara gurbanlyk berlen etdir» diýse, bu et barada duýduran adamyň we ynsabyň hatyrasyna ony iýmäň.Men siziň ynsabyňyz däl-de, şol adamyň ynsaby barada aýdýaryn.
Näme üçin başganyň ynsaby meniň erkinligime kazylyk edýär? Eger men nahar iýmezden öň Hudaýa şükür edip, nahara goşulýan bolsam, onda näme üçin şükür edýän naharym üçin ýazgarylýarkam? Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de — bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň. Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň. Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.”
Nahilli ajaýyp aýatlar.Ezizler ähmiýet beren bolsanyz,bugunki ybadatymyzy Mesihdaki azat haýat geçirmek mowzugyňa garatmakçy bolýan.Isleseniz ybadatymyza göşüluň.Çunki bille aýdylan ybadat ullakan guýje eýedir.Asmandaky Atajanym,halas edeniň uçin çäksiz minnetdaris.Meni güna jarinden alyp perzent edeniň nahilli ajaýypdyr!Hudaýym ,barlygymyzy Mesihe tapşyrdyk.Indi bize azat bolup ýaşamagy öwret.Biz özümiziň däl,tersine başgalaryň bähbitini gözlep ýaşaýylyň.Seniň jemagatyňy büdratýan bir iş etmeýliň.Adamlar halas bolsun diýip durli ýol bilen hemmeniň göwnüni tapmagymyza Özüň ýardam ber,Hudaýym. Mesihdaky azat haýatymyzyň gadryna ýetmagi öwret. Azatdiris diýen bilen islän işimizi edýas diyen düşünjeden bizi uzaklaştyr.Tersine azatlyk Seniň eradaň boýunça haýat geçirmek ekenini bize düşündir.Bize tuýus ýürekden hyzmat etmagi öwret.
Nirede bolmaýlyň,näme etmaýliň hemişe Rebbimiziň gurbanlygy hakynda oýlaýlyň.Bardygymyz diňe onüň ölimine garatylan bolsun.Bary hereketlerimiz,bary sözlerimiz diňe halas etmeklik habaryna garatylan bolsun.Hudaýym,haýat bize däl,tersine Saňa degişlidir.Sen biziň pätyşamysiň.Hudaýym,Ruhan azat haýat geçirmagi bize öwret.Seniň Mukaddes Ryhyň ady bilen ybadat etdik.Omin. Ezizler men bilen bille ybadat edeniniz uçin sag boluň.Egerde sizde ybadat mätäjligi bolsa,bize bu hakda elektron menzilimize habar ýollaň.Biz siz uçin ybadat edýas.Rebbimiziň merhemeti ýar bolsun.Höş sag aman boluň.