4:41

Maşgaladaky jenjel

MP3

Hiç bir maşgala dürli hil garama-garşylykdan, ýlalaşyksyzlykdan boş dal.
Elbettde maşgalada bunuň ýaly kiçi az ähmiýetli bolgusýzlyklar bolup
dürýar. Bu bolgusyzlyklar az-kem täze är-heleýler uçin peýdaly bolmagy
mumkin.Çunki şol bolgusyzlyklar arkaly olar öz hatalaryny düşynib
alýarlar.Bir birlerini köpäk gadrlamany öwrenýarlar. Emma bu bilen dürmüş
jenjelleri bolmagy gerek diýan pikirden daşdamyz. Alajy bolsa maşgalada hiç
hem gam-gussa bolmany makul. Adatda her bir jenjelden soň öýlab görilse
biderek zatdan başlanany mälim bolýar. Eger dogry pikir bilen öýlananda
bu zat hiç hem jenjelle sebäp bolmaslygy gerekdi.Emma jenjel boldy.Bunuň
sebäbi nämede? Köpinçe jenjeller birdanikä başlanmaýar.Jenjell başlanmasdan
oňça her ikki tarap hem ançe wagtdan bari bir-birleriniň kä bir gylyklaryny
ýa-da geplerini göwnünde saklab ýüren bolýarlar. Ýürek dübindäki bu zatlar
sonky bir az ähmiýetli wakany hem artdyryb görkezýar. Är ýa-da aýal
tarapyndan amala aşyran sonky ýakymsyz iş ýa-da hereket jenjeliň sebäpçisi
bolup galýar. Her ikki tarap hem öz peýdasyny gözläb geplýar. Ozüni
goraýar. Diňe öz bahbidini gözleb uruş başlanýar. Emma bunuň ýaly
bolmaslygy mumkidi!Nahilli edip jenjellyň onüňi alsa bolýar? Eger ýan
ýoldaşyňyzyň kä bir gepi ýa-da hatty hereketi ýakman bolsa ýa-da siziň
göwnünuze degen bolsa, bu hakda oňa assa aýtmagyňyz gerek bolýar.Emma aýdyş
wagtyny hem dogry çemesini tapmaly.Eger onuň gepinden ýa-da hereketinden
göwnünuz galyb ýa-da gaharyňyz çykyb duran bolsa şol wagtda aýtmaň.Özünüzi
köşeştirib başka bir wagtda adamyňyzyň tapy gowlygynda aýdsaňyz barysy
gowy bolýar. Köpünçe biz aýallar düýgylara berilýas.Eger ýan ýoldaşyňyz
siziň göwnünize degse şol wagtda düýgylara dolup oňa sesiňizi
belendletseňiz hiç hilli gowy netije bolmaýar? Tersine täze bir çaknyşyk
başlýaňyz. Egerde köşeşib başka bir wagtda adamyňyz gowy keýpietde bolonda
aýdyp,ýüregiňizdakiny düşüntirseňiz ol elbetde sizi düşünýar. Her bir
jenjeliň oňüni almak uçin aýdylýan ajy gepiňizi başka bir wagta
galdyryň.Bir az wagt geçenson belki özünuz bu gepi aýtmakdan dänib
galarsyňyz. Mukaddes Kitabda: «Gaharlanyp günä etmäň.Gaharyňyzyň üstüne
gün ýaşmasyn… Biri-biriňize mährli we rehim-şepagatly bolüň.Hudaýyň sizi
Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.”-diyip
ýazylan. Bu hemme uçin esasan jenjelleşen är-heleýlere degişli. Mukaddes
Kitabda aýdylyşy ýaly gun batmakä gazapdan düşyb bir-biriňizi bagyşlab
ýlalaşmak gerek. Iň esasysy geçirimli bolmäny öwreniň. Esasan aýallary
bunuň ýaly häsiet bezýar.Geçirimli bolmak dürmüşda oraň köp meseleleriň
çözgütyny täpýar ýa-da oňüni almagy mumkin. Eger ýan ýoldaşyňyzyň
hatalaryny mdama bagyşlab ýaşasaňyz ol bunuň gadryna bilýar.Şo häsietiňiz
uçin hem sizi köpräk gadrlab hörmat etmagi mumkin. Bundan başka aýal dürmüş
gürandan soň özündaki büýsanjanlygy bir çete aýrmagy zerur. Umumam
namyssyz bolsun diýjek däl, yone adamsyna garanda gopbamsylyk bolmak
dogry gelmýar. “Ärimden pes bolmaýan “diýan pikir sizi maşgala babynda
helakçiliga başlaýar.Aýalyň rine garanda buýsanjanlygy hiç hilli peýda
getirmaýar. Tersine äriňizden pes gidip ulakan işleriňizi çözgüdüni tapyb
alyň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top