5:13

Maksatsyz haýat

MP3

Salam ezizler.Haýatynyzda maksat ýada arzuw barmy?Irden oýananyzda haýalynza birinçi nowbatda näme gelýar? Haýsy keýip bilen birinji ädimi basýanyz?Bilýanyzmy,şu soragy näçe aga-inilere ýada uýalara beren bolsam,entek bir kişiden hem jogap alyp bilmedim.Howwa,bu hakykat.Gýnansakda,kopçilik maksatsyz haýat geçirýanyna ynamly boldum.Näme uçin beýle ?Näme uçin adamlarda maksat ýada arzuwlar ýok.Şu kyn ýaly duýulan,emme aňsat sorag üstinde özüm hem pikr ýöratip bir zada gözüm duşdi.Maksat ýada arzuwlar edil maşgaladan başlanýan eken.Edil,ene-atalarymyz öz perzentlerine arzuw etmegi,onüne maksatlar goýmagy we şeýlelikde şolara yetmek ýollarynda ýardam bermekleri gerek eken.Özüniz bir oýlap gorun.Çaga okuwa çykdy.

Ýone mekdep arzuwlar ýada haýatyý maksatlar goýmakda diýen ýaly ýardam bermeýar.

Goýmak hem mumkin,ýone olara nadip yetişmek mumkin ekeniniň syryny açmaýar.Son-na? Soň çaga alyý okuw ýurdyna girýar.Ol ýerde hem tä şonuň ýaly ýagdaý . Çaga talyp bolýar,ýone maksatsyz haýat geçirip talim alýar.Name uçin diýanyzmy?Çunki,nahilli okuw ýurdy bolmasyn,mekdepmi,kolledjmy,uniwersitetmy,olaryň barysy bize maglumat berýar,belki sypatly alyý bilim bilen uýpçin edýar.Ýone maglumat alan diyeni,haýatdaky arzuwlara yetmek,we bu kyn we tiz özgerýan dünýanyň çakylyklaryna we kynçylyklaryna çydap,olary ýenip çykmagy öwretmeýar.

Şonuň uçin,beýik maksatlar goýmak,arzuwlara ýetişmegiň ilk ädimleri edil maşgaladan başlanýar eken.Arzuw we maksata eýe bolan adam maksatsyz haýat geçirýan adamdan änçeme tapowutlanýar.Çunki ,haýatda beýik maksata eýe adam hiç haçan wagtyny biderek ýitirmeýar. Onuň bary hereketleri ony maksada eltýar.Ol irden gözüni açmagy bilen,haýalyna birinji nowbatda onuň maksatlary gelýar.Edil onuň arzuwlary ony irden turmaga we her güni maksatyna az bolsada ýakynlaşdyrýar.Beýle adam.bar guýçini,bilimini we haýatyndaky her bir hereketini edil maksat-arzuwlaryny amala aşmagyna gönükdirýar.Beýle adam maksat goýup,saýlan maksatyna tizräk ýetişmek uçin bilimini aşyrýar.Beýle maksat bilen baglanan adama hiç zat böwet bolup bilmeýar.

Kopçilikden maksatlar hakda soranymda,olar,”Maksata yetişmek uçin pul gerek”,diyärler.Ýada maksata ýetişmek ýolunda kop böwetler bardygyny aýdýarlar.Ýone bu hakykata dogry gelmeýan geplerdir.Çunki,maksaty bar adamy hiç zat togtatyp bilmeýar.Beýle adamlara pul mesele däl.Çunki olar,arzuw,maksatlar we niýetler ýagşy bolsa,Hudaý hemişe ýardam berýanyny bilýärler.Hudaý beýleleri merhemetleýar we berekelýar.Hormatly ene-atalar,sizlere aýdýan gepim-perzendinize ýardam beriň.Bary perzentler üýtgeşikdir.Hudaý olaryň her birine üýtgeşik päşgeş berendir.Olaryň peşgeşlerini tapmaga ýardam beriň,onüne maksatlar goýup,olara nadip ýetişmegi we munuň uçin nämeler etmek gerekdigini,maksatlaryna we arzuwlaryna özlerini bagyşlamagyna ýardam ediň.Şonda perzendiniz özi soýan işini tapyp haýatyny änçe manyä doldurmaga mumkinçilige eýe bolýar.Rebbimiz size sabyr we danalyk bermegini sorap galýan.Sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top