4:51

Isa Masih

MP3

Salam ezizler. Haýat oraň agyr zat. Esasan biz ymanlylar,öz islegimiz
boýunça haýat geçirip bilmýas. Biz näme etmaýliň,elbette Hudaýyň eradasynda
seredip,oňa makul gelişi ýa-da gelmesligini hasapa almagymyz gerek,käwagt
şeýle bir ýagdaýlar bolýar,nahilli ýol tutmagy bilman galýan.Käwagt bolsa
haýatyňda namuçin bunuň ýaly zat bolýanyny düşunip bilmýaň.
Haýatda bolýan bunuň ýaly ýagdaýlar bizi çolaşdyryp goýar.Nahilli pikr
etmagi hem bilman galýaň. Gynananymyzda Hudaý ybadat edýas,yone Ol nahilli
jogap berjegini bilmýas.Ybadat bize berilen kerem.Biz ol arkaly Hudaýyň
hözürine girip bilýas.Haçan islesek,nirede islesek Oňa ybadat etmagimiz
mumkin.Ybadat hakynda Mukaddes Kitapda oraň kop ýazylan:” Dyngysyz doga-
dileg ediň. Her ýagdaýa şükür ediň.” (1-ji Saloniklere 5:17-18) . “
Mukaddes Ruh hem ejizligimizde bize kömek berýär, sebäbi biz hatda nähili
we näme barada dileg etmelidigimizi hem bilmeýäris”(Rimliklere 8:26).”
Yhlas bilen hemişe Hudaýa doga okaň, doga-dilegde şükür edip, hüşgär
boluň.”(Kolosiýalyklara 4:2)
Mukaddes Kitap ybadat etmegimiz gerekdigi hakynda kop gezek ýatlatýar.Biz
ybadat bilen Hudaýyň hözürine girýas we Ol bize jogap berýar.Bu hakykaty
bilýas,yone Hudaý biz soran hemme zady hem berwermeýanyny hem
bilýas.Käwagt Hudaýdan öz islegimyza göra zat soraýas.Meselen öýimize täze
mebel almak ýa-da bolmasa myhmanlar uçin aýratyn gap-çanaklar almagy
soraýas.Ruhyý meseleler onünde bular hiç zat däl.Bilýaňyzmy käwagt bu
zatlar dunýawyý bolsa hemHudaý olara “Howwa”diyip jogap bermagi mumkin.Yone
käwagt şonuň ýaly ýagdaýlar bolýar Hudaýyň eradasyna görä bir näme dileg
etsek hem,jogap alyp bilmýas.Ybadatymyza hiç hilli jogap almýas.Hudaý
“Howwa” diyip hem “Ýok” diyip hem jogap bermýar.Mukaddes Kitap Hudaýyň
eradasyna görä bir näme dileg etsek Hudaý bize gulak asýar we
ybadatlarymyza jogap berýar diydi.Yone näme uçin käwagt Hudaýyň eradasyna
göra soralan zatlarymyza jogap bermaýar?Bu oraň çolaşyk ýagdaý.Bu zat bizi
tapdan düşirip goýar we Hudaý hakynda näme diyip oýlamagy bilman galýas.
Şonuň ýaly wagtlarda koplanç aýallar ymanda gowşap galýarlar.Bunuň ýaly
ýagdaý meniň haýtymda hem bolan,bilýaňyzmy men şu wagta çenli soraýan
zadyma jogap almadym.Yone ybadat etmakden ýadamaýan.Ýakup bilen Hudaýyň
göreşi ýadyňyzdamy?Şonda Ýakup Hudaýi goýup iberenokdy.Mukaddes Kitapda
şeýle ýazylan: “Ol Ýakuba: «Daň şapagy dogup gelýär, meni goýber!» diýdi.
Ýakup oňa: «Tä maňa pata berýänçäň, men seni goýbermerin» diýdi. Ol adam
Ýakupdan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Ýakup» diýip jogap berdi. Ol adam
…., şol ýerde Ýakuba pata berdi”Gelip çykyş 32:26-28).Men hem Ýakupa
meňzep tä Hudaý ybadatlaryma jogap bermeýinçe soramakdan togtamaýan.Siz hem
ybadat etmakden togtamaň.Bilýaňyzmy käwagtda Hudaý biziň ybadatymyza jogap
berinçe wagt geçýar.Bu wagt dowamynda Hudaý bizi hem,ybadat edýan adamymyzy
hem şol jogapa taýyn edýar.Tä Ýakupy Esow bilen düşuşyna taýarlan ýaly.Asla
düşkunlige düşmaň.Hudaý elbettde jogap berýar.Yone jogap bermese-na? Onda
näme bolýar? Bu barada — indiki, gepleşigimizde söhbetleşýas.Şeýlelikde
eger yman,ybadat we ynsanlar haýtynda bolýan şaýatlyklar hakynda bilmekçi
bolsanyz biziň saýtymyza giriň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top