Salam eziz doganlar,siz bilen sag aman duşuşup duranymyzdan oran begenýaris.Eziz doganlar, Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr”2-ji Korintoslylara 5:17aýaty.Adam ýokarydan dogulanynda täze tebigata eýe bolýar.Onuň öz toweragindaki adamlara aragatnaşygynda we hereketlerinde uly özgerişler gelip çykýar.
Biz Mesih onünde özümiziň günakär ekenimize ykrar bolup,günalerden ýüz dönderip,Isä doly ynananymyzda bu täze haýat ýada täze tebigat bizniki bolup galdy.Täze haýat-Hudaýyň bize beren sylagy.Ýokardan dogulmagyň düýp manysy şonda.
Rimlilere hatynyň 6 bap 23 aýatynda :” Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr.”diyilen.Mukaddes Kitapda köne we täze tebigat teswirleme edilýar.
Köne tebigat-bu biziň ýokardan doguluşaçenli bolan tebigatymyzdir.Täze tebigat-bu ýokardan dogulandan soňky haýatymyz.Galatiýalylara hatynyň 5 bap 19-26 aýatlarynda bu ikki tebigat anyk görkezilen.Bu aýatlarda resul Pawlus ikki tebigatyň netijelerini suratlandyrýar.
“Ynsan höwesleriniň netijesi bellidir. Olar zynahorlyk, haramlyk we azgynlykdyr; butparazlyk we doga-jadygöýlikdir; ýigrenç, agzalalyk, göriplik, gahar, bäsdeşlik, jedel, bölünişik we bahyllyk; serhoşlyk , azgynlyk meýlisleri we şuňa meňzeş zatlardyr. Men size öň duýduryşym ýaly, ýene-de bir gezek duýdurýaryn: kimde-kim şular ýaly ýaşaýan bolsa, Hudaýyň Şalygyny miras almaz.”
Galatiýalylara hatynyň 5 bap 22 we 23 aýatlarynda “Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk, özüňe erk edip bilmeklik.” diyip ýazylan.
Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur . Isa Mesihe degişli bolanlar öz ynsan höweslerini we joşgunlaryny haça çüýländirler. Mukaddes Ruh bize täze ýaşaýyş berýär. Şoňa görä-de, geliň Oňa eýereliň.
Şöhratparaz bolmalyň, biri-birimizi gaharlandyrmalyň, biri-birimize göriplik etmäliň.”Galatiýalylara hatynyň 5:22we 26 aýatlary köne tebigat miweleri Galatiýalylara 5 bap 19 we 21 aýatlaryna görä köne tebigatyň günalerini sanap geçiň.
Bu Halasgärimiz we Rebbimiz Isa Mesihsiz inasanyň tebigaty ekenini ýatlap galyň.Täze tebigat netijesi resul Pawlus täze tebigaty Galatiýalylara hatynyň 5 bap 22 we 26 aýatlarynda suratlandyrýar.
Täze haýatyň döküz hasiýeti bar.Bu hasiýetler haýatymyzdaky Mukaddes Ruhyň miweleridir.Şonuň bilen ezizler mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Höş sag aman boluň.