4:40

Iman we ýaýdanmak

MP3

Salam gadrly doganlar. Imanlynyň haýaty aňsatmy?Kimdir howa kimdir bolsa ýok diyip jogap berýar.Buňa nahilli jogap bermek siziň erkinizde,ýone imanly bolmak Hudaýy bilmek,şu bilen kämil Hudaýyň perzentine öwürildi diyeni däl.Elbettde Hudaý bizi Özüne menzetip terbiýleýar,ýone bu uzak geçýar.Şonuň ýaly wagtlar bolýar welin,bir iş edenden soň hereketlerimizi seljerip Hudaýa ynanman özümiz hereket edip goýanymyzy we ýaňlyşlarymyzy aňlaýas.Diymek biz özümiz ynanan aklymyz we guýçimiz,Hudaý ýolunda ýöremegimiz uçin ýaramsyz eken.Özümiz özümizi aldap goýan ekenik.Şonuň uçin hem size bugunki guninizi Oňuň eline ynanyp tabşyrmagynyz mumkin diyip aýdýarin.Ebediý haýatynyzy hem Onuň eline ynanyp tapşyryň,çunki Ol sizi hiç haçan aldamaýar we Ol Özüni nahilli Hudaý diyip aýdan bolsa şeýleliginçe galýar.

Çunki Ol dogruçyl Hudaý.Ol tebigatyna görä mähriban,gudratly we her bir wadasyna sadyk Hudaý.Iman bilen ýaşaş erkinlikde ýaşamak diyeni.Iman bilen ýaşaş azat we erkin haýat geçirmek diyeni.Iman bilen ýaşaş kanun ýaly bolup galan talaplary alyp taşlap haýat geçirmek diyeni.”Men oňy etmegim gerek,buny etmegim gerek”.”Oňy tomaşa etmegim gerek,buny görmegim gerek”dimeýanyz.Eger Oňa ynansanyz haýatynyza uly zatlar,uly meseleler gelmagi mumkin.Bu zatlardan alada bolup rahatsyz bolmak gerek däl.Nämuçin?Käwagt haýatynyzda bolýan zatlary görman galýanyz,soň bolsa birdänikä nahillidir bir zatdan alada we gorkyny duýanyz.Bu näçe dowam edýar?Näçe uzak dowam etse hem sönünda :”Hudaýym saňa minnetdaryn.Sen hökümrowan we hemme zat Seniň gözegçiligiň astynda”-diyanyz.Hudý gözegçilik edip bilmeýan ýada dolandyryp bilmeýan bir zat barmy?

Adamlar,”Hudaý bütin älem-jahany,yldyzlary,güneşi,aýy we öz orbita töweregindaki hemme zatlary,ýeri we ondaky hemme zatlary dolandyrmaga we olar üstünden doly hökümdar ekenine ynanýan.”-diyerler. Emma haýatlaryndaky kiçi zady Hudaýa tapşyrmaga gezek gelende alada edýarler ,rahatsyz bolýarlar we ýaýdanýarlar.Emma mesele bunda däl. Meni oran soýan gökdäki Atam haýatymda näme etmekçi, mesele ine şonda.Görýanyzmy,eger siz bilen biz iman bilen gadam taşlamagy öwrenýan bolsak,assa-ýuwwaş unsimizi başga zata garatmagy başlaýas.Biz birinji gezek imana gelenimizde bir zatlary dogry etmaga we aragatnaşyklary dogry şekillentirmaga hereket edendiris.Soň näme boldy?Imanda koprak ýörenimiz saýyn hiç haçan ýaýdanmadyk,gözümizi Rebbimize dikip,kakylmak barada oýlaman goýdik.Hali büdrap barýasmy näme?

Howwa, büdrap barýas.Ýaýdanýasmy?Howwa.Gorýanyzmy,kop adamlar durli zatlara ynanýarlar,ýone Hudaýa doly ynanmaga gelende bolsa togtap galýarlar.Şonuň uçin hem töweregimizde psihologlar we maslahatçylar hüzürine barýan Masihiýlerimiz kop.Olar düşkünlige düşüp galyp,näme etjeklerini bilmän galanlarynda şeýle edýarler.Ýone bir zat anyk-Hudaýa ynansak şonuň ýaly ýagdaýa düşup galmaýas.Başgaça edip aýdanda,biziň Hudaýymyz Özüni nahilli suratlandyran bolsa şonuň ýaly Hudaý.Mukaddes Kitapda Hudaý şonuň ýaly suratlandyranmy näme?Eger meniň Hudaýym haýat berýan Hudaý bolsa,Özünuň ýekkeje Ogly Isa Mesihy ölümden direlten bolsa,Oňa ynanmak mumkin.Men nahillidir pelsepä ýada özüni paýgamber diyip aýdýan adama ynanmaýan.Ýone men Isa Mesihy ölümden direlten ine şu Hudaýa hiç ýaýdanman doly ynanmagym mumkin.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top