5:29

Hudaý işleýar

MP3

Salam gadrly doganlar.Töweregimizdäki imanly doganlar,haýatynda bolan Hudaýyň mužjyzalary hakda geplaninde,olara höwes edýanyz,emma Hudaý siziň hem haýatynyzda şonuň ýaly işler etmegi mumkindigine ynanmaýanyz.Munuň ikki sebäbi bolmagy mumkin.Siz “Hudaý meniň haýatymda işleýşine guýç-gudraty yetmeýar”,diyip oýlaýanyz,ýada “Hudaý meniň haýatymda işleýişine laýyk däldirin”.diyip oýlaýanyz.Biri gopbamyslyk bolsa ikkinçisi özünizi çendenaşa arzymaýan bir adam diyip bilmekdir.Munuň ýaly adamlar şeýle diydi:”Men mužjyzalara ynanmaýan,kimdir biriniň haýatynda muzžyza bolanyna ynanmagym mumkin.ýone meniň haýatymda beýle boluşyna ynanmaýan.Hudaý hiç haçan meniň haýatymda munuň ýaly zatlary etmeýar”.Bu bilen siz Ony ret eden bolýanyz.

Ýatdan çykarmaň ,size ýol gorkezmek uçin,sizi ruhlandyrmak uçin,sizi duýdurmak uçin,size ýardam bermek,size guýç bermek,sizi sylaglamak uçin,oýarmak uçin Hudaýyň Ruhy siziň ruhynyza gepleýar.Ony ret etmaň,tersine Hudaý size gepler ýaly ýagdaýda haýat geçirin.Siz düşenbe güni güna işleri edip ýekşenbe güni päk bolmaga hereket edip ýaşaýşynyz mumkin däl,Hudaý munuň ýaly işlemeýar.Hudaý Oňa tabun bolýan,Oňa ynanýan,Ona açyk bolan,Ony bilýan,Hudaý onuň haýatynda hemişe nämedir edýanini aňlap yetýan insanlary gözleýar.Hudaý siziň haýatynyzda oň hiç haçan haýalynyza gelmedik bir zady etmegi islemegi mumkin.”Ýok,dine meniň haýatymda däl”diýanyz.Kim şeýle diýar?Biziň menligimiz, özüňi söýüjiligimiz şeýle diýar,bu kiçigöwünlik däl.Bu Hudaýyň onünde özümize pes baha bermek bolýar.

Ýagny bu bilen :”Hudaý beýle etmeýar.Hudaý eýle etmeýar.Men kim bolutirin?!Men hiç kim däl”diyen bolýas.Haýatynyzda Onuň bilip,Onuň eradasyny aňlap yetmagi islemeyinizeçenli Hudaý näme etmekçi ekenini bilmeýanyz.Ol sizi şeýle bir ýaratmady.Ol sizi anyk maksat uçin ýaradan we siz imanly bolanynyz uçin Onuň Ruhy içinizde ýaşaýar.Onuň Ruhy içinizde mekan tutan,çunki Ol sizi täzelän.Size täze tebigat bermek uçin köne tebigatynyzy özgertiren.Ol siz bilen gepleşmägi isläni uçin size täze haýat beren.Oňa gulak salmagynyzy isleýar.Oňa eýermaginizi isleýar.Onda siz etmeginizi isleýan zatlar bar.Özünizi kemsitmaň.Geçmişde bolan işler sebäbli,Hudaý eden ýada etmedik işler özünizi kemsitmäň. Hudaý siziň haýatynyzda işleýişi isleýar.Meselen Işaýa paýgemberi alaýliň.

Hudaý Işaýa we Eremýa paýgemberi Özi etmekçi bolan işlerini welilik etmek uçin saýlap alan.Olaryň ikkisi hem Ysraýyl halkyna olary Babyllylar tarapyndan basyp alynmagy hakdaky Hudaý aýdan sözleri yetirenler.ikkisi hem şeýle diyenler:” Olar gelýärler.Olar derwezelerinizi bözýärlar,derwezelerinizi ýandyrýarlar.Perzentlerinizi öldürýärler,aýallarynyzy öldürýärler,doganlarynyzy öldürýärler.Sizi Babyla gul edip alyp gidýärler”.Ýone hiç kim olara gulak asmady.Hudaý olara bu weliligi bermezden oň näme bolanyna dykgat ediň.Işaýa kitapynyň 6 bapynda şeýle ýazylan:” Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy.” Bu bapda ol näme görenini we näme eşideni hakda gepleýar.Diýmek,Hudaý size aýratin bir tabşyryk bermezden oň Öz mužjyzasyny görkezýar we siz Onuň bardygyny duýanyz.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top