3:17

Ynjyl Sapaklary

MP3

Salam eziz radio diňleýji moştaklar.Siz bilen ýene öz gepleşiklerimiz
arkaly duşüşup durs. Eziz dinleýjiler bugun siz bilen Rebbimiz Isa Mesihyň
ajaýyp hyzmatlary hakynda söhbet alyp barýas.Her birimize ýagşy mälim
boluşunçe Rebbimiz ýer ýüzüne gelmaginden maksaty Asman Şaälygy hakynda
adamlara aýtmakdy.Ol asman şäalygy ýakyndygyny we Onuň syrlary hakynda
koplab insanlara yglan etdi.Sonunan bolsa Asman Şäalygyna barmakçy bolan
bary insanlary Oňa degişli sadyk bolmagy gerekdigini olara etirdi.

Eger Mukaddes Kitapy dykgat bilen okasak Rebbimiz Özünuň şagirdlerinden
berk imanňy talap edenini gormagimiz mumkin.Rebbimiziň bir agyz gepi bilen
Petrus we ýene başga şagirdleri bary zady taşlap Oňa eýerdiler.Biz bu hakda
Matta kitapynyň 4:18-19 aýatlarynda okamagymyz mumkin.Meselen Matta hem
edip oturan işini taşlap ornundan turdy-da Rebbimiziň bir agyz gepi bilen
Onuň yzyndan eýerdi.Şol wagtdaky ýagdaý boýunça Mattanyň edýan işi ançeme
düşewüntli bolan.Ýone ol Rebbimiz yzyndan eýermek uçin hemme zatdan boýun
gaçyrmaga taýyndy.

Nahilli oýlýanyz Hudaýa hyzmat etmek başga işlerden görä möhumrakmy?Bunuň
ýaly soragy bermegimden maksat Rebbimiz hem Özünuň yzyndan eýerenlere hiç
hilli baýlyk ýa-da ýer wada etman.Ýogsam näme uçin Rebbimiziň şagirdleri
Onuň bir agyz gepi bilen Onuň yzyna eýerdiler.Rebbimiziň yzyndan eýermek
her hilli işlerden möhüm.Buny biz Onuň şagirdleri tutan ýollary arkaly hem
gormagimiz mumkin.Bizdäk Rebbimize bolan söýgi her hilli zatdan ustin
bolmagy gerek.Luka kitapynyň 9:62 aýatynda “«Eline azaly alansoň yzyna
seredýän adam Hudaýyň Şalygyna mynasyp däldir» diýip aýdylan.

Şonuň uçin hem biziň Rebbimize bolan söýgimiz çäksiz bolmagy
gerek. Rebbimiziň yzyndan eýeren her hilli kişi öz häçyny göterip
barmagymyza dogry gelýar. Bu haçy göterip barmak aňsat bolmaýar.Ýone biziň
her birimiz uçin şol Asman Şaylygynda beýik sylag taýyn edip goýlan. Aýdyp
geçenimiz ýaly,bu geçip gidýan dunýadaky baýlyk,hätirjemligi Rebbimiz bize
wada etmedi.Tersine ebediý tükeniksiz asudalyk we şatlygy Rebbimiz bize
Asman Şälygynda wada eden.Biz buna etişmegimiz uçin bizde guýçli ynanç we
iman bolsa bolony. Belki bu dunýada bize degişli kop kynçylyklar bolor Ýone
sonunaçenli çydan gutular.Şol ýerde gepleşigimizi gutaryp siz bilen
höşlaşýas.Hoş sag-aman bolunlar!

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top