4:26

Iman tabun bolmak gerek!

MP3

Salam gadrdanlar.Iman we tabunlyk.Bu ikkisi biri birine nahilli bagly bolmagy mumkin.Bu ikkisi Isa Mesihyň sözlerine ynanyp,öýine gaýtyp giden emeldarda bardy.Haýsy emeldar diyaňyzmy?Geliň ýagşysy şol bölegi siziň ünsinize ugruktyraýn .” Isa ýene-de Özüniň suwy şeraba öwren ýeri bolan Jeliläniň Kana şäherine gaýdyp geldi. Şol wagt Kapernaumda bir köşk emeldarynyň ogly keselläp ýatyrdy. Bu adam Isanyň Ýahudyýadan Jelilä gelenini eşidip, Onuň ýanyna bardy. Ol gelip, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagyny sorap, Isa ýalbardy. Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi. Köşk emeldary Oňa: «Eý, Aga, oglum ölmänkä baraý-da!» diýdi. Isa oňa: «Gidiber, ogluň ýaşar» diýdi. Ol hem Isanyň aýdan sözüne ynanyp, öýüne gaýtdy. “(Ýohanna 4:43-50)

Iman hem ine şol kişi ýaly işleýar.Ol gormän dürup ynanýar we tabun bolýar.Ýadyňyzda bolsa bir kör adam Isanyň sözlerine ynanyp,gözleri görmegi uçin Ol aýdyşy ýaly Silam howuzunda gözlerini ýuwupty.Petrus hem torlaryny Isa aýdan ýere taşlanda kop balyk tutupty.Şol wagtda ol Isanyň geplerine şübhelenmesden boýun egipti.Hudaýa ýalbarýan iman Onuň aýdanlaryny we Oňa makul gelýan işleri etmagi gerek.Tabun bolmak kişiniň imanyna kuwat berýar,iman hem oz nowbatynda tabun bolmaga ýardam berýar.Hudaýyň aýdanlaryny berjaý etmek hakykyý imanly uçin iň gerekli zat.Ýone koplanç iman Hudaýyň jogapyny abr-tukat bilen garaşmaga dogry gelýar.

Biz iman bilen ýalbarýas,ýone Hudaý jogap bermagini ýza çekýar.Şonuň ýaly ýagdaýlar hem bolup durýar.Hakykyý imanly Hudaý onuň dualaryna Özi makul gören wagtda,anykragy iň dogry wagtda jogap berişini bilýar.Hudaý jogap bermage howlukmaýan bolsa,diymek bunuň sebäbi bardygyny bilýar.Onki gepleşiklerimizde Lazar hakda mysal getiriptik.Bugun hem şoňy mysal getirjek.Lazar öljegini bilsede Isa ol ýere barmagy ýza çekdi.Isä adam iberen Marta bilen Merýem Ol hakda näme diyip öýlan eken.Belki Lazary çyndan hem söýmeýar diyip oýlandyr.Ýone Isanyň buňa sebäbi bardygyny siz bilen biz bilýas.Şonda Marta bilen Merýam buny bilmanler.Ölenine dört gün bolanda Isa ýetip geldi.Şonda olar Hudaýyň beýikligini gördiler.

Doga dilegiňiz näçe guýçli we imana dolüp däşan bolmasyn Hudaý Özi dogry diyip bilen wagtda jogap berýar.Asla düşkünlige düşmeň.Isa Mesih elbettde ybadatynyza jogap berýar.Diňe jogap berman Ol Özi gelýar.Siziň ýagdaýyňyzy,meselenizi gudraty bilen çözgüdini tapýar.Eger jogap bermagi yza galdyran bolsada,bu jogaby siz garaşanynyzdan hem bereketli bolýar. Ybadat etmakde dowam ediň.Iman bilen garaşmakda dowam ediň.Hudaýyň jogabyna garaşmak koplanç biz uçin synag we imanymyz uçin kuwwat bolýar.Näçe garaşýanymyza seretman iman ybadat we garaşmak bilen kuwatlanýar. Bilýanyzmy Hudaý garaştyrýar ekeni , eger biz buny duýmasak hem bu wagt dowamynda änçeme işleri edýar.Howwa tä ybadatymyza jogap beriynçenli Ol kop işlere etişýar.Ýakup agasy Ýesaw bilen düşüşýinçenli Hudaý her ikkisini hem ine şol düşüşmaga taýynlady.Siz hem biziň saýtymyza girip Ol hakda koprak bilip alyň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top