Salam eziz doganlar! Ezizler synaglara dogry jogap-kowma we azaplardan gacmaga hereket etmek däl,belki bu synaglarda durup bilmek isleginiň bolmagydir.
Howa, biz haýatymyzdaky göz ýaşlaryň hakykatlygyny kabul etmagimiz gerek,emma şonuň ýaly wagt geler welin Hudaý biziň göz ýaşlarymyzy supurýar.Biz şonuň ýaly dünýada ýaşaýas,bu oýun medýany däl,söweş meýdanyndan ybarat.
Şonuň uçin biz eziz doganlar,Efeslilere hatynyň 6 bapynyň ruhyý ýaraglar hakdaky geplerine gulak salmagymyz gerek:” Şonuň üçin ýaman döwürde gaýtawul berip bilmegiňiz üçin, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Şonda ornuňyzda berk durmagy başararsyňyz. “Şeýle biz Isanyň başga sözlerini ýatlaýas:
“Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly adama meňzeýär. Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, sebäbi ol gaýanyň üstünde gurlupdy.”Matta 7:24-25..
Isa tupan duranda biziň ýüzümize degmezligini wada bermäni,ýone Ol gaýanyň üstine guran öý hemme tupanlarda durup bilmegini aýdyp geçen. Gaýa üstune gurulan diyende –Isanyň sözlerine gulak slmagymyz,Oňa boyun bolmagymyz nazarda tutulan.
Hudaýyň Sözine bunuň ýaly ýagdaýda boýun egmegimiz hatta iň guýçli kowmalarda hem durup bilmegimizi kepillendirýar.Ezizler her birimiziň maksatymyz-her hilli weziýetlerde durup bilmegimiz uçin Mukaddes Kitapdaky haýatyý möhümlyga eýe hakykatlary tapmakdyr.
Dünýäniň käbir ýerlerinde masihyýlary yzarlamagyna seretman ruhan öýanmak bolýar.Hudaý Özünuň izdeşleriniň imanlaryny azaply alawlar arkaly arassalaýar.
Jemagatlaryň düzgünleri özgerýar we adamlar özleriniň gadr-gymmatlyklaryny gaýta oýlap görýarlar.Jemagat özünuň esasyý gadr-gymmatlyklaryna gaýtýar. Mesihe ynanlaryň täze şahsýyeti şekillenýar.Şahs özgermäginiň hakykyý manysyny resullerden Pawlusyň tasdygynda tapmak mumkin:” Bizi Söýaniň kölegesinde bularyň barysynyň üstinden uly ýeňiş edýas”.
Ýeňişe yetişmek hakda Ýohanna gelen aýanlyk kitapynda hem aýdylan.Her durli teselli çeşmesi bolan Hudaý,merhemetli Hudaý,Rebbimiz Isa Mesihyň Atasy Hudaýa şän-şöhratlar bolsun!Şonuň bilen ezizler mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Höş sag aman boluň.